Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň ‘Kim’ etrapçasynda ýyladyş turbalary ýaryldy

Türkmenistanda gyş paslynyň golaýlamagy bilen, ilatyň ýyladyş ulgamyndaky bökdençlikleri ýitileşýär. Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň ilat arasynda “Kim” diýlip atlandyrylýan etrapçasynda ýyladyş turbalary ýaryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“1-nji noýabrda ençeme dört gatly ýaşaýyş jaýynyň ýyladyş ulgamyny üpjün edýän turbalar hatardan çykyp, ýene ýaryldy. Aşgabat ýyladyş müdirliginiň işgärleri köçäniň 10 metr çemesi bölegini gazyp, iki günläp bejeriş işlerini geçirdiler” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý ýaşaýjylar, hususan-da, çagaly hojalyklar üçin dürli oňaýsyzlyklary döretdi. Şu günlerde howanyň temperaturasy gijelerine 8 gradusa çenli aşaklaýan mahaly, ýaşaýjylar sowuk otaglarda gijelerini geçirmeli boldular.

“Bu ýagdaý suw üpjünçiliginde hem wagtal-wagtal bökdençlikleri döretdi” diýip, ýaşaýjy belledi.

Aşgabat ýyladyş müdirliginiň işgärleri näsazlyga "döwlet derejesinde ulanyş möhleti bir eýýäm geçen turbalaryň" çüýräp ýukalmagynyň, soňra-da deşilmeginiň, netije-de ýarylmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Topragy gazyp, turbanyň partlan bölegini elektro gaýnatmak usuly bilen bejermek ýa-da gaýnatmak mümkinçiligi bolmaýan turbany demir halka bilen rezin bölegini gysdyryp, bolt, gaýka bilen burup, suwuň öňüni almaklyk, tagta sapyny ýiteldip kakmak arkaly bejermek wagtlaýyn, manysyz çäre. Munuň üçin ýitirilen wagt, çykdajy hem ykdysady taýdan rejesiz bolýar. Muňa derek turbalar düýpli täzelense, hem ilat üçin, hem-de ykdysady taýdan döwlete has bähbitli bolardy” diýip, işgärleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

1970-1980-nji ýyllarda gurlan etrapçada ýyladyş, lagym we suw geçiriji turbalaryň hatardan çykyp ýarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Ýerli ýaşaýjylar jaýlaryň aşagyndaky turbalaryň ýarym asyr bäri çalşylmaýandygyny belläp, olaryň düýpli rekonstruksiýa mätäçdigini aýdýarlar.

“Bir turba ýarylyp, bejeriş işleri geçirilenden soň, iki ýa üç hepde ýaşaýjylaryň gulagy dynç bolýar. Ýöne aradan bir aýa ýeter-ýetmez wagt geçensoň, suw, lagym ýa-da ýyladyş turbalarynyň ýarylmagy bilen bagly ýagdaý ýene gaýtalanýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýaşaýjylar özleriniň bu barada çäre görülmegini haýyş edip, ýerli häkimiýetlere yzygiderli edýän ýüzlenmeleriniň oňyn netije bermeýändigini aýdýarlar.

Olaryň tassyklamagyna görä, resmiler hökümet meýilnamasynda bu jaýlary ýykyp, olaryň deregine täze jaýlary gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada etrap häkimliginden we agzalýan müdirlikden kommentariý alyp bilmedi.

Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylar prezidente hasabat berip, ýurduň bilim we medeniýet edaralarynyň desgalarynyň, dolandyryş hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynyň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilýändigini aýtdylar.

Hökümet ýolbaşçylarynyň bu çykyşlaryna we döwlet baştutanynyň her ýyl ýyladyş ulgamlary gyşa talabalaýyk taýýarlamak baradaky tabşyryklaryna garamazdan, ýurtda ýyladyş ulgamy bilen bagly bökdençlikler her ýyl gaýtalanýar.

Geçen aýyň ortalarynda paýtagtdaky habarçymyz Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň şäheriň dürli ýerlerinde turbalary çalyşmak işlerini geçirýändigini habar berdi. Ol şonda ýyladyş möwsüminiň golaýlamagy bilen ýaşaýyş jaýlarynyň könelen infrastrukturasyna agram artýandygyny we bar bolan kemçilikleriň ýüze çykýandygyny hem belläpdi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В топовых отелях Екатеринбурга закончились номера из-за альтернативной Олимпиады

На Дмитровке сыграют в жульбак

В ЛЭТИ пройдет презентация второго профориентационного конкурса «Первое рабочее место» от БФ «Система»

Транснациональные компании устали от антироссийских санкций

Музыкальные новости

ФК «Зенит» представил стартовый состав на суперфинал Кубка России в Москве

Один из лидеров «Салавата Юлаева» подписал контракт с ЦСКА: теперь официально

Леонид Агутин посвятил ушедшей Анастасии Заворотнюк песню и клип

Фильм «Мой любимый чемпион» показали в павильоне «Роснефти» на ВДНХ в Москве

Новости России

Концерты, спектакли и детские шоу: куда сходить в Москве в июне

Дом в ЖК «Берег» Подмосковья поставлен на кадастр

Аэропорт Казани временно закрыт на вылет и посадку 3 июня

В Москве капитально отремонтируют дом, где живет композитор Александра Пахмутова

Экология в России и мире

AlfaBiom выпустили на рынок России БАД с красным ферментированным рисом

Пегас сделал важное заявление по Египту: стали известны цены на туры на предстоящую зиму

Праздник в детском отделении от Клуба пациентов

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Спорт в России и мире

Матч Котова и Вавринки перенесли на корт Сюзанн Ленглен

Медведев вышел в 1/8 финала «Ролан Гаррос» — 2024

Азаренко не смогла выйти в 1/16 финала открытого чемпионата Франции по теннису

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Moscow.media

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Беспроводной сканер штрих-кодов Heroje S-H29W

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *