Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýangyç guýýan bakyny ulaldan sürüjiler Farap gümrük nokadyndan geçirilmeýär

Lebap welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde dizel üpjünçiligi bilen ýagdaý birneme gowulanýan mahaly, türkmenistanly ýük ulag sürüjileri täze bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şu günlerde ýük ulagynyň bakyny üýtgedip, onuň göwrümini ulaldan sürüjiler Farap gümrük nokadyndan Özbegistana geçirilmeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, sebitiň ýangyç guýýan beketlerinde oktýabr aýynda emele gelen dizel gytçylygyndan soň, şu günler sürüjiler bu ýangyjy ulaglaryna päsgelçiliksiz we çäksiz möçberde guýduryp bilýärler.

Ýöne ýangyç guýýan beketleriň öňündäki nobatlar azalýan mahaly, indi Farap gümrük nokadynda türkmen ýük ulaglarynyň uly bolmadyk nobatlary emele gelýär.

“Gümrük resmileri ulagyň ýangyç guýýan bakyny ulaldan sürüjilere ilki tirkegini aýryp, ony gümrük duralgasynda goýup gitmegi tabşyrýarlar. Soňra-da, olardan yzyna dolanyp, ulagyň bakyny zawoddan çykan görnüşdäki baka çalşyp gelmegi talap edýärler” diýip, maryly ýük ulag sürüjisi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne gümrük işgärleri sürüjiler ulagyň bakyny çalşyp gelenden soňra-da, olary gümrükden geçirmeýärler. Şeýle-de, olar diňe türkmenistanly sürüjilere degişli bolan bu talabyň we çäklendirmäniň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş hem bermeýärler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada kommentariý almak üçin Farap gümrük nokady bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 7-nji noýabrda eden yzygiderli synanyşyklaryna garamazdan, Döwlet gümrük gullugynyň resmi websaýtynda çap edilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.

Ýagdaýlardan habarly gümrük gullugyndaky çeşmämiziň tassyklamagyna görä, bu çäreler türkmenistanly sürüjileriň türkmen dizelini Özbegistanda satmagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly.

“Mysal üçin, ýük ulagyň tirkegi zawoddan çykanda, onuň her tarapynda 400 litrlik bak goýberen bolsa, biziň sürüjilerimiz ony 500-550 litrlik baka öwürýärler. Hökümetimiziň pikiriçe, olar dizeli köpräk, käte bir ýarym esse köp alyp gidip, Özbegistanda satýarlar” diýip, çeşmämizi gürrüň berdi.

Ýöne ýük ulag sürüjileriniň ençemesi ýangyç guýýan baklary ulaltmaklarynyň sebäbini özleriniň pul tygşytlamak tagallalary bilen düşündirýär.

Olaryň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, Özbegistanda dizeliň bahasynyň Türkmenistandakydan gymmatlygy sebäpli, olar ätiýaç üçin, öz ýanlary bilen bolup bildiginden köp mukdarda dizel alyp gitmäge çalyşýarlar.

“Özbegistanda gymmat bahadan dizel satyn almajak bolup, yzymyza dolanyp gelýänçäk ýetjek mukdarda dizel ýangyjyny ýanymyz bilen alyp gitmäge synanyşýardyk” diýip, lebaply ýük ulag sürüjisi belledi.

Bu waka, soňky aýlarda ýurtda ýangyç gytçylygynyň ýitileşen mahalyna gabat geldi. Geçen aýyň soňky ongünlüginde Marydaky we Lebapdaky habarçylarymyz dizel gytçylygynyň iki hepdeden bäri hasam ýitileşendigini, ilatly punktlaryň ýangyç beketlerinde onuň asla ýokdugyny, diňe uly ýollaryň ugrundaky käbir stansiýalarda ony çäkli mukdarda guýduryp bolýandygyny habar berdi.

Sentýabryň başynda Balkan welaýatyndaky habarçymyz dizel gytçylygy bilen bagly ýagdaýlaryň ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän sebitinde hem saklanyp galýandygyny aýtdy.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda “Türkmennebitönümleri” baş müdirligi ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygy hem-de onuň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler.

Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, umumy bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümleriniň daşary ýurtlara satylandygy barada dowamly habar berýär, ýöne ýurtdaky ýangyç gytçylygyny agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Андрей Воробьев: внедрение ИИ в систему управления является необходимостью

Подозреваемый в убийстве пенсионера в московском парке сам пришел в полицию

Призеры кейс-чемпионата предложили развивать "Карту жителя Саратовской области"

Тетрису – 40 лет: как творение советского программиста попало в США и покорило мир

Музыкальные новости

Жители разных регионов России в Череповце будут вырезать композиции, посвященные семье

Евгений Миронов, Ирина Пегова, Кристина Асмус, Илья Авербух, Елизавета Арзамасова и другие звезды не фестивале «НЕБО»

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков

«Россети» проверили надежность транзита, от которого зависит системная надежность электроснабжения юга Хабаровского края и Приморья

Новости России

Спортсмен из Лыткарина Федор Ефимов победил на Кубке России по тентпеггингу

Территорию микрорайонов имени Шитикова и № 24 приведут в порядок в Мытищах

Казань примет участников Первого Международного турнира по обрезке копыт КРС

Турция готова предать членство в НАТО в обмен на билет в БРИКС. В Кремле отреагировали с одним "но"

Экология в России и мире

Приглашенные солистки выступят в опере «Руслан и Людмила»

Befree запускает сайт для поиска талантов

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

С чем носить юбку этим летом: примеры стильных образов

Спорт в России и мире

Экс-теннисист Ольховский: Рублев не успел набрать форму на "Ролан Гаррос"

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича

Теннисистка Андреева заявила, что хочет войти в топ-20 рейтинга WTA ради собаки

«Янника Синнера очень рано сравнивать с Роджером Федерером» // Тренер мужской сборной России по теннису Игорь Куницын — о главных событиях Roland Garros

Moscow.media

Военные следователи провели рейд по бывшим мигрантам в Керчи

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: С начала года более 4,7 тысячи жителей Московского региона оформили страховую пенсию в автоматическом режиме на портале госуслуг

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

Такси в 7 раз чаще попадает в ДТП, чем обычные автомобилисты — изучаем аварийность на дорогах







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *