Putin Gazagystana sapar eder
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana sapar etmegine garaşylýar. Bu barada gazak prezidentiniň metbugat edarasy 6-njy noýabrda mälim etdi.
Beýanata görä, Putin özüniň gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we strategiki partnýorlyk meselelerini maslahat eder.
Olaryň wideo aragatnaşyk arkaly Gazagystanyň Kostanaýi şäherinde geçjek gazak-rus 19-njy forumyna hem gatnaşmagy göz öňünde tutulan.
Mundan bir hepde töweregi wagt ozal, Astanada Türki Döwletler Guramasynyň liderleriniň maslahaty hem geçipdi.