Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'

Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'

Maryda ýagan ýagyş şu gün polisiýa işgärleri üçin goşmaça gazanç etmek mümkinçiligini döretdi. Azatlygyň habarçysy irden ýagan ýagşyň köçelerde saklanan we jerime salnan awtoulaglary ‘sanardan köpeldendigini’ habar berýär. Ýagyş diňe jerime salmak däl, hakykatda has kän para almak mümkinçiligini döretdi.

Ýöne sürüjiler soralýan paranyň möçberiniň sürüjiniň gürleşmek ukybyna baglydygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, 20 manatdan başlanýan paranyň, polisiýanyň tapan bahanasyna laýyklykda, 40, 50 manada hem ýetýän wagtlarynyň bolýandygy aýdylýar.

Bu çäre awtoulag eýelerinden edilýän arassaçylyk talaplary bilen bagly. Polisiýa sürüjileriň delillerini diňlemeýär we adamlarda döreýän soraglara resmi düşündiriş berilmeýär.

Köçelerde goýulmaly edilen wideo gözegçiliginiň bolmazlygy polisiýa işgärleriniň öz wezipelerini bikanun ulanmagyna ‘giň ýol açýar’ diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

“Ýagyş irden ýagdy. Ýollar günortana çenli gurady. Emma polisiýa öýlän ýuwulmadyk maşynlara garşy reýd geçirdi, gaty kän adama jerime salyndy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji aýtdy.

Ýagyş ýagsa, Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ‘güni gelýär, olar gowy para alýarlar’ diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy bilen biri-birinden bihabar ýagdaýda gürleşen sürüjiler bu ýagdaýy tassyk etdiler.

“Irden çykyp, öýden işe barýançam awtoulagymyň daşyna ýoldan syçran hapa palçyklar ýapyşdy. Men ulagymy iş ýerimde goýup, işden soň öýe gelýänçäm ýolda iki gezek polisiýa saklady” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi özüniň jerime ýazdyrman sypandygyny gürrüň berdi:

“Irden işe gitdim, işden hiç ýere sypynyp bilmedim. Awtoulagymy ýuwmaga ýa-da ýuwdurmaga wagtym bolmady. Ýagdaýyma düşüniň diýdim. Awtoulagym jerime salar ýaly hapa hem däl, döwlet belgisi görünýär, çyralarym arassa, tormuza bassam, yzdan gelýän sürüji gyzyl çyranyň ýananyny görýär, maşyn sähel palçyk bolany bilen, ‘hökmän jerime ýazmaly diýen kanun ýokdur-a?’ diýdim.”

Sürüji polisiýa işgäriniň ‘ýok, jerime ýazmasam bolanok, ýa-da 20 manat ber’ diýip gönüländigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgäriniň ýanynda plastik kartdan töleg edilýän enjamy ýok eken we soralan puly nagt bermeli bolupdyr.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan sürüjiniň düşündirmegine görä, sürüjilik şahadatnamany aldyrmak 20 manat para bereniňden has gymmat düşýär, üstesine bir topar wagtyňy alýar, ‘gara görgi bolýar’.

“Prawamy aldyrsam, soň wremenni prawa pul töläp, prawamy yzyna almak gara görgi, uzak gün egleýär. Men işden galsam bolanok. Şol sebäpden, jerime ýazdyrmajak bolup, iki gezek 20 manat para bermäge mejbur boldum” diýip, sürüji daşyna palçyk syçran maşyn üçin bir sagadyň dowamynda çeken iki jezasynyň hekaýasyny gürrüň berdi.

Polisiýa eden-etdiligine şaýat bolan sürüjiniň sözlerine görä, Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hapa diýip boljak awtoulaglaryň birini hem gözden salmaýar we saklap, jerime ýazýar ýa-da para alýar.

Azatlygyň habarçylary we synçylar Türkmenistanda ýollaryň ýagdaýynyň gowy däldigini, käbir ýerlerde bolsa, ýagyn ýagsa, ýollaryň durşy bilen palçyga ýa-da läbige öwrülýändigini, ýagynsyz günlerde bolsa, tozap ýatandygyny aýdýarlar.

Azatlyk mundan öň Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem polisiýa gözegçiliginde 'görünýän' nogsanlyklar barada habar berdi, emma häkimiýetler bu hili maglumatlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Поддержать красивый бизнес

В Подмосковье подать уведомление о сносе здания онлайн стало проще

КБР. В регионе пресечен канал незаконной миграции

Капитальный ремонт школы № 5 в Солнечногорске завершили на 45%

Музыкальные новости

ЦБ РФ: сделки с долларом и евро продолжат совершаться на внебиржевом уровне

"СВЯТОЙ ЛЕНИН: сенсация о прогнозах направит Америку и Европу творить добро?!

В Московской области сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже электроинструментов

Военнослужащие Красноярского соединения стали призерами Чемпионата Сибирского округа Росгвардии по стрельбе из боевого ручного стрелкового оружия

Новости России

Вблизи Тимирязевского парка завершен капремонт 12-этажного дома

Сергунина сообщила о завершении реставрации в парке усадьбы Усачевых-Найденовых

Полицейские Гая ушедшую из дома девушку обнаружили в Москве

В Подмосковье подать уведомление о сносе здания онлайн стало проще

Экология в России и мире

Азербайджан назначил столицей тюркского мира талышский город Ленкорань. Талышские организации мира бьют тревогу

Захарова: армянам - нота, апшеронцам – «да»

Dior Resort 2025

Сэкономить и оторваться с Angsana Velavaru

Спорт в России и мире

Бьянка Андрееску: «Мне нравится, что на траве, поскольку она намного быстрее грунте, меньше времени на раздумья»

Блинкова вылетела с турнира WTA в Хертогенбосхе

Медведев, Кафельников, Федерер, Маррей, Роддик, Агасси поздравили Синнера со статусом первой ракетки мира

«ITF решила пойти по пути WTA и ATP, которые давно допускают россиян» — Янчук

Moscow.media

Летний Петербург. Старо - Калинкин мост

Сегодня свой 70-летний юбилей отмечает Заслуженный спасатель Российской Федерации Якубовский Валерий Иванович

Дело Маши Люлиной всё. Насильника, убившего соцработницу в Богородске, осудили за убийство ребенка

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Соцфонд выдал проактивно 3,2 млн сертификатов на материнский капитал







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *