Öňki gazak prezidentiniň inisi 70 ýaşynda ýogaldy
Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň inisi Bolat Nazarbaýew 13-nji noýabrda 70 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada ozalky prezidentiň metbugat wekili sosial torlarda ýazgy galdyrdy.
Bolat Nazarbaýew şu aýyň başynda, ýürek näsazlygy bilen, Almatynyň keselhanasyna ýerleşdirilipdi.
Geçen ýylyň iýunynda, Gazagystanyň Maliýe gözegçilik edarasy Bolat Nazarbaýewe we onuň ozalky aýaly Maira Kurmangaliýewa garşy Karuan atly kärhanany bikanun eýelemek boýunça şikaýat bilen ýüz tutulandygyny habar beripdi.