Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda dizel ýetmezçiligi ýitileşýär, obalarda ol gizlin we gymmat bahadan satylýar

Türkmenistanda üç aý bäri dowam edýän dizel gytçylygy ýitileşýär. Marynyň häkimiýetleri ýangyç guýýan beketleriň golaýynda nobata durýan ýük ulaglary dargadyp, dizel ýetmezçiligini gizlemäge çalyşýarlar. Bu aralykda, beketlerde tapdyrmaýan dizel welaýatyň käbir obalarynda gizlin we gymmat bahadan satylýar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy ozal ilatly punktlaryň ýangyç beketlerinde satuwdan aýrylan dizeliň häzir uly ýollaryň ugrundaky stansiýalarda hem köplenç tapdyrmaýandygyny aýdýar.

“Şu günler uly ýollaryň ugrundaky ýangyç guýýan beketlere günde diňe 8-9 tonna dizel gelýär. Onuň 3 tonnasyny ýerli awtoulaglara paýlaýarys, galan 5-6 tonnasyny daşary ýurt ýük ulaglaryna guýup berýäris. Käte bu mukdarda-da dizel gelmeýär” diýip, ýangyç guýýan bekediň bir işgäri anonim şertde 22-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzir daşary ýurt ýük ulaglarynyň her birine 100 litr dizel berlip, ondan artykmaç guýmak berk gadagan edilýär.

“Daşary ýurtlular köpräk pul hödürläp, ýene 50 litr guýdurjak bolýarlar. Emma häzir barlag bolansoň, biz olaryň haýyşyny ýerine ýetirmeýäris” diýip, ýangyç bekediniň işgäri aýtdy.

Dizel ýetmezçiliginiň arasynda, beketleriň golaýynda üýşýän daşary ýurt ýük ulaglarynyň sany göz-görtele köpeldi. Ýöne häkimiýetler bu ulaglary dargadyp, dizel ýetmezçiligini ýaşyrmaga çalyşýan ýaly bolup görünýärler.

“Dizel diňe käbir günlerde satylýar. Biz, dizel satylar diýen umyt bilen, beketleriň golaýynda nobata durmaga çalyşýarys. Ýöne polisiýa ulaglary her bir sagatdan beketleriň golaýyna aýlanýarlar. Olar sürüjilere uzyn setir bolup, nobata durmagyň gadagandygyny aýdyp, ýük ulaglaryny dargadýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirýän ýük ulag sürüjileriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Polisiýanyň bu çäreleriniň arasynda, häzir uly ýollaryň golaýyndaky awtoduralgalar ýük ulaglardan doldy. Bularyň arasynda bäş-alty gün bäri dizel satyn almaga çalyşýan sürüjiler hem bar.

“Şu duralgada ýatýanymyza bäş gün boldy. Dizel bolmansoň, ýük ulaglarymyzy sürüp bilemizok. Ýangyç guýýan beketde her gün birimiz gezekleşip nobata durýarys. Biz her güni ýanlarymyz bilen alyp gelen gowurdagymyzy iýýäris, emma indi olam azaldy. Eýrandaky başlygymyz hem bizi gyssaýar. Ol ilki Türkmenistanda dizeliň ýokdugyna ynanmady. Ýöne ol bizden soň we öň gelen ýük ulaglarynyň hem, dizel tapman, bu ýerde durandygyny anyklandan soň, biziň gündelik çykdajylarymyzy tölejekdigini aýtdy. Biz bu wagta çenli ýükümizi tabşyryp, yzymyza geçip gitmelidik” diýip, Aşgabat-Mary ýolunyň ugrundaky awtoduralgalaryň birinde garaşýan eýranly ýük ulag sürüjisi habarçymyza gürrüň berdi.

Ýangyç guýýan beketlerde dizel ýetmezçiligi ýitileşýän mahaly, habarçymyz welaýatyň käbir obalarynda onuň gymmat bahadan gizlin satylyp başlanandygyny aýdýar.

“Beketlerde dizeliň bir litri 1 manat 35 teňňeden satylýar. Emma obalarda ony 2 manatdan satyp başladylar. 200 litre çenli satyn alyp bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginden we sebitiň Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda, hususan-da, ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän sebitlerinde, Lebapda, Balkanda we Maryda ýangyç gytçylygy sentýabryň başynda ýitileşip başlady.

Şonda Balkandaky habarçylarymyz Türkmenbaşynyň, Balkanabadyň we Gyzylarbadyň ýangyç guýýan beketlerinde awtoulag ýangyjynyň tas ýokdugyny, stansiýalarda ýüzläp ulag nobatlarynyň emele gelendigini habar berdiler.

Oktýabryň ortalarynda Marydaky habarçylarymyz häkimiýetleriň, mümkin çykalga hökmünde, käbir ýangyç beketlerinde dizeli çäkli ýagdaýda goýbermegi ýola goýýandygyny aýtdylar.

“Türkmennebitönümleri” baş müdirligi ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygy hem-de onuň sebäpleri barada düşündiriş bermeýär.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri, umumy bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümleriniň daşary ýurtlara satylandygy barada dowamly habar berýär, ýöne ýurtdaky ýangyç gytçylygyny agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Включите мозги. Шлите подальше тех, кто вам головы дурит». Губерниев призвал россиян отбираться на ОИ-2024

Во Владивостоке стартовал первый иммерсивный проект «Я танцую по стране» с Ириной Горбачевой

Уверенная победа россиян на турнире ONE FRIDAY FIGHTS 66

Усложнять полезно. Лучший молодой педагог Айнур Бекетов о преподавании

Музыкальные новости

Приглашенные солистки выступят в опере «Руслан и Людмила»

Погружение в современное российское искусство – стартовал 3-ий фестиваль «Территория. Красноярск»

В Подмосковье сотрудники Росгвардии спасли пожилого мужчину, который оказался один дома и плохо себя почувствовал

CЛД «Печора» филиала «Северный» ООО «ЛокоТех-Сервис» получило сертификацию для технического обслуживания локомотивов серии 2ТЭ25КМ в объёме ТО-2.

Новости России

Помогая другим, найти себя. Эксперт рассказала, как живут дети-бабочки

Скам от лже-Roaring Kitty, гигабайты утечек в Telegram-каналах и другие события кибербезопасности

«Ъ»: Экс-главе «Автодора» Кельбаху грозит 14 лет за ущерб в два миллиарда рублей

Московская фирма предложила 9,8 млн руб за 2 томских "дома за рубль"

Экология в России и мире

«В девять лет я уже был очень любвеобильным». Актер Михаил Богдасаров вспомнил детство в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3  

Красноярский музыкальный театр представил проект театральной экосистемы будущего

Джомба, суттуг шай, кучу и другими видами чая в регионах России могут насладиться российские туристы

Туристка заразилась плотоядной болезнью и потеряла руку: новая инфекция начала распространяться на людей, посещающих достопримечательности

Спорт в России и мире

Российский теннисист Медведев снялся с турнира в Хертогенбосе

Теннисист Медведев снялся с турнира ATP в Нидерландах из-за травмы

Зверев сыграет с Алькарасом в финале "Ролан Гаррос"

Соболенко, проигравшая Андреевой, потеряет 2-е место в рейтинге WTA по итогам «Ролан Гаррос», уступив его Гауфф

Moscow.media

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

Гора Бабырган

Трасса М-12 Восток будет продлена до Тюмени в 2025 году

Хакеры начали «прикидываться» соискателями и подсовывать вредоносные ссылки







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *