Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda ilata çäkli möçberde paýlanan unuň satuwy ýene bes edildi

Aşgabatda ilata çäkli möçberde paýlanan unuň satuwy ýene bes edildi

Aşgabat şäherindäki döwlet dükanlarynda geçen hepdäniň ahyrynda ilata ýeňillikli bahadan un satylyp başlandy. Ýöne ýaşaýjylara un paýlary heniz doly paýlanmanka, onuň satuwy şu hepdäniň başynda gaýtadan bes edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdiler.

“Bir aýdan ýa-da ondan hem köp wagt bäri un paýlarynyň berilmegine garaşýan ýaşaýjylar her gün döwlet dükanlaryna gatnaýarlar. Ýöne olaryň un satuwda peýda bolar diýen umyt bilen, irden we öýländen soň dükanlara edýän gatnawlary netijesiz bolýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde 23-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Dükan satyjylarynyň birnäçesi özlerine gelip gowşan unuň möçberiniň şu gezek öňkülerden-de çäkli bolandygyny aýdyp, un paýlarynyň haçan gaýtadan satuwa çykaryljakdygy barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny belleýär.

Üstesine-de, olar arzan unuň ýakyn wagtda satuwa çykaryljakdygy babatynda häzir umydyň azdygyny, sebäbi döwletiň ammarlarynda galla gorunyň azalandygy barada gürrüňleriň bardygyny aýdýarlar.

“‘Türkmengallaönümleri’ döwlet birleşiginiň Aşgabatdaky kärhanasynyň käbir hünärmenleriniň aýtmagyna görä, ammarlarda galla gorunyň eýýämden örän azalandygy sebäpli, uny ilata has-da tygşytly goýbermek barada ýokardan görkezme berlipdir” diýip, aşgabatly dükan satyjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ‘Türkmengallaönümleri’ döwlet birleşiginden we onuň Aşgabatdaky kärhanasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi alty ýyl çemesi wagt bäri döwlet dükanlarynda ilata käbir beýleki azyk önümleri bilen bir hatarda, aýda bir gezek 5 kilogram un paýlanýar. Bu unuň bir kilogramy 1 manat 40 teňňe bolup, hususyýetçilerde 1 kilogram unuň bahasy 10 manatdan başlanýar.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýar.

Ýöne döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň, şol sanda un we çörek üpjünçiligi indi alty ýyl çemesi wagt bäri ýaramaz bolup, bu ýagdaý soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda, hususan-da, soňky aýlarda has-da ýitileşdi.

Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary geçen hepde döwlet dükanlarynyň ilatyň un paýlaryny “kemeldip berýändigini” habar berdiler.

Oktýabryň ahyrynda Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtyň döwlet dükanlarynda azyk paýlaryny dükanlaryň arka gapysyndan hususyýetçilere satmak tejribesiniň “möwjeýändigini” habar berdiler.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky azyk ýeter-ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Kanadanyň wekili öz ýurdunyň Türkmenistandaky azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna heniz-de alada bildirýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

"Ъ": экс-главе "Автодора" грозит 14 лет за ущерб в 2 млрд рублей

Швыдкой призвал артистов чувствовать настроения общества, выбирая наряды для выступлений

Швыдкой: звезды после "голой вечеринки" должны понимать, какие наряды оскорбляют

Помогая другим, найти себя. Эксперт рассказала, как живут дети-бабочки

Музыкальные новости

«Солнечная Азбука» в особом семейном центре «Семь-Я»

«Россети» проверили надежность транзита, от которого зависит системная надежность электроснабжения юга Хабаровского края и Приморья

Собянин: Москва — мировой лидер по динамике развития транспортной инфраструктуры

Вирусолог Вострухов: опасные клещи-мутанты из Европы могут появиться в России

Новости России

Помогая другим, найти себя. Эксперт рассказала, как живут дети-бабочки

Швыдкой: звезды после "голой вечеринки" должны понимать, какие наряды оскорбляют

Владимир Путин — игрок уровня 100. А Дюмин ещё на шаг ближе к Путину

HeadHunter: средняя зарплата соцработников в России составляет 38 тыс. рублей

Экология в России и мире

В Москве прошла Премия-практикум «Харизма Года»

«В девять лет я уже был очень любвеобильным». Актер Михаил Богдасаров вспомнил детство в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3  

Пошив костюма по индивидуальным размерам

CЛД «Печора» филиала «Северный» ООО «ЛокоТех-Сервис» получило сертификацию для технического обслуживания локомотивов серии 2ТЭ25КМ в объёме ТО-2.

Спорт в России и мире

Российский теннисист Медведев снялся с турнира в Хертогенбосе

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича

Зверев вышел в финал «Ролан Гаррос»

Андреевой предрекли борьбу за топ-10 рейтинга WTA в текущем сезоне

Moscow.media

Одной Лунной ночью

Средняя полоса в июне.

В этом году планируют заключить контракт на реконструкцию еще одного участка трассы Р-23 в Ленобласти

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *