Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda benzin gytçylygy: A-92 we A-95 görnüşli benzin tapdyrmaýar, A-80 çäkli satylýar

Maryda benzin gytçylygy: A-92 we A-95 görnüşli benzin tapdyrmaýar, A-80 çäkli satylýar

Mary welaýatynda awtoulag benzininiň gytçylygy emele gelýär. Ýangyç beketlerinde A-92 we A-95 görnüşli benzin tapdyrmaýar, A-80 çäkli möçberlerde satylýar. Beketleriň öňünde awtoulag nobatlary döreýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Benzin gytçylygy çarşenbe güni günüň ikinji ýarymynda ýitileşip başlady. 23-nji noýabrda ir sagatlardan başlap, ýangyç beketleriniň öňünde awtoulag nobatlaryny synlasa bolýardy.

Ýangyç gytçylygy etrap merkezlerinden çetde ýerleşýän beketlerde has ýiti duýulýar.

“Zaprawkalarda asla benzin ýok. Bu barada zaprawkalarda ýörite bildirişleri asyp goýupdyrlar. Benzin duýdansyz gytaldy” diýip, bir etrap ýaşaýjysy aýdýar.

Gytçylyk sebitdäki ýangyç beketlerinde gyradeň däl. Käbir beketlerde benziniň diňe bir ýa-da birnäçe görnüşi gytçylyk edýär, käbirinde benzin asla tapdyrmaýar.

“Häzir benzin diňe belli merkezlerdäki zaprawkalarda tapdyrýar, olar hem söwdany çäklendirýär” diýip, beýleki bir welaýat ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň aýlanan ýangyç beketlerinde A-92 we A-95 görnüşli benzin asla satylmaýar. A-80 görnüşli benzin her bir awtoulaga çäkli möçberde satylýar.

Meselem, Mary – Baýramaly ýolunyň ugrundaky 161 belgili ýangyç bekedinde 23-nji noýabrda A-80 benzini agşamara gutardy. Munuň ya ýany, Mary şäherinde ýerleşýän 17 belgili ýangyç bekediniň öňünde benzin satyn almaga baran awtoulaglaryň nobaty uzap başlady.

Ençeme ýangyç beketlerinde ulag nobatlary gijesi bilen dowam edýär.

“Benzin satyn almak üçin nobata garaşýan awtoulaglaryň sany köpelmese, azalmaýar” diýip, bir ýerli sürüji aýdýar.

Käbir ýangyç beketleri A-80 benzinini her bir awtoulaga 50 manatdan köp guýmaýar, käbirleri bu mukdary 40 manat bilen çäklendirýär. Ýangyjyň bu görnüşi sebitiň ýangyç beketlerinde bir litrine 1 manat 15 teňňeden satylýar.

Türkmenistanyň çägindäki ýangyç beketlerini nebit önümleri bilen üpjün edýän “Türkmennebitönümleri” kärhanasy günorta-gündogar sebitde dowam edýän benzin gytçylygy barada beýanat bermeýär.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde eýýäm birnäçe aý bäri ýangyç gytçylygy häli-şindi ýüze çykýar.

Azatlygyň habarçylary 20-nji noýabrda Lebap welaýatynyň çägindeki ýangyç beketlerinde, 22-nji noýabrda bolsa Mary welaýatynda dizel gytçylygynyň emele gelendigini habar berdiler.

Marynyň ýangyç beketlerinde benzin nobatyna garaşýan adamlar özara gürrüňdeşliklerde benziniň soňky wagtlarda daşary ýurtlara has köp satylmagy sebäpli gytalýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti ulag ýangyjynyň eksporty boýunça degişli sanlary mälim etmeýär. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň web sahypasynda oktýabr we noýabr aýlarynda benziniň A-95 ýa-da A-92 görnüşleriniň söwdasy boýunça geleşikler hasaba alynmady.

Ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýüze çykýan ulag ýangyjynyň gytçylygy käbir hojalyklary ätiýaçly hereket etmäge iterýär.

Awtoulaglarynyň öndürilen ýyly täze bolan adamlar A-80 benzininiň hiliniň pesdigini, öz ulaglarynyň motorlaryny zaýalaýandygyny aýdýarlar.

“Ýyly täze bolan awtoulaglaryň eýeleri benziniň hili ýokary görnüşleri bolaýança awoulaglaryny öýlerinde goýup iş ýerlerine taksili ýa-da awtobusda gatnaýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Ýöne hususy awtoulglarynda “taksiçilik” bilen meşgullanýan ulag eýeleri özleriniň benzin dandamaýandygyny aýdýarlar.

“Biz hem A-80 benzinini höwes bilen guýamyzok, başga alaç ýok. Şu ulag ýöräp dursa hojalygyň gündelik iýjek çöregini tapyp bolýar” diýip, beýleki bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan içerki söwdada benziniň bahasynyň arzançylygy boýunça dünýäde iň öňdäki 10 ýurduň hatarynda galýar. Bu ýurtda A-95 benzininiň bir litriniň bahasy içerki sarp edijilere 1 manat 50 teňňeden satylýar.

Hökümet resmileri we media serişdeleri ýurtda wagtal-wagtal emele gelýän ýangyç gytçylyklary barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Возможности воинских частей по созданию установленных бытовых условий в полевых условиях

Россия стала единственной страной в мире, которую Иран допустил к своим недрам: РФ вынуждают становится богаче

Легочная болезнь ХОБЛ угрожает миллионам жителей России

Владимир Машков стал новым директором театра «Современник»

Музыкальные новости

Более 2 тысяч жителей Московской области получат работу благодаря «Магниту»

Приглашенные солистки выступят в опере «Руслан и Людмила»

Медийный баскетбол, киберспорт и турнир ММА: Константин Пухов рассказал о мероприятиях Международного центра бокса (Наташа)

ГЕРОИЧЕСКОЕ УЧАСТИЕ АРМЯН В СВО. ЧАСТЬ ЧЕТВЕРТАЯ

Новости России

Самая дешёвая нефть в мире, или Чем России интересен Южный Судан, который не видит альтернатив сотрудничеству с РФ

Как Россия после эмбарго стала ещё больше зарабатывать на нефти в ЕС

Названа стоимость суточной аренды самого дешевого дома в Подмосковье

Психолог Волкова: сказки помогают детям справиться со стрессом

Экология в России и мире

Турецкие отели в шоке после банкротства крупнейшего туроператора: все оказались в долгах, как работать летом — непонятно

Джомба, суттуг шай, кучу и другими видами чая в регионах России могут насладиться российские туристы

Приглашенные солистки выступят в опере «Руслан и Людмила»

Фонд «Восход» выпустил на «Атомайз» первые в России венчурные ЦФА

Спорт в России и мире

Соболенко, проигравшая Андреевой, потеряет 2-е место в рейтинге WTA по итогам «Ролан Гаррос», уступив его Гауфф

Андреевой предрекли борьбу за топ-10 рейтинга WTA в текущем сезоне

Зверев вышел в финал «Ролан Гаррос»

Теннисистка Андреева заявила, что хочет войти в топ-20 рейтинга WTA ради собаки

Moscow.media

Исследование: структура клеток иммунной системы влияет на ответ на инфекции

В этом году планируют заключить контракт на реконструкцию еще одного участка трассы Р-23 в Ленобласти

Создан новый метод предсказания деменции с точностью до 80%

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *