ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Henry Kissinjer 100 ýaşynda ýogaldy
![ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Henry Kissinjer 100 ýaşynda ýogaldy](https://gdb.rferl.org/9ABD2150-0B81-4E43-8F56-94AA409E2806_cx0_cy4_cw0_w800_h450.jpg)
ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Henry Kissinjer 29-njy noýabrda aradan çykdy. Ol 100 ýaşyndady.
Kissinjeriň ABŞ-nyň prezidentleri Riçard Nikson we Gerald Ford döwürlerinde dünýäniň global gatnaşyklarynda uly täsiri bolupdy.
Ol häkimiýetdäki wezipesinden çekileninden hem soň, näresmi ýagdaýda Waşingtonda özüniň täsirini saklady.
Kissinjer Germaniýada doglupdy. 1938-nji ýylda, 15 ýaşynda wagty ol maşgalasy bilen ABŞ emigrasiýa gidýär. Harby gullukdan soň, ol Garward uniwersitetini tamamlady, halkara gatnaşyklar pudagynda barlaglary geçirdi, ençeme kitaby ýazdy.
1973-nji ýylda oňa Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berildi.