Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy

Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara döwlet serhedindäki barlag-geçiş nokatlaryň biri ýapyldy. Özbegistanyň resmileri Farap-Alat barlag nokadyny öz tarapyndan ýapandygyny aýdýarlar. Türkmen resmilerinden serhetiň ýapylmagyna we onuň sebäplerine resmi düşündiriş bolmady.  

Özbegistanyň serhet gullugynyň habaryna görä, gözegçilik nokady 20-nji noýabrda işini togtadypdyr. Resmi beýanatda dem alyş keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleriniň çäginde serhediň wagtlaýyn ýapylandygy aýdylýar.

Bu barlag nokadynyň haçan işe başlajakdygy entek belli däl.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Daşoguz sebiti bilen Özbegistanyň Horezm sebitiniň arasyndaky serhet nokady işini dowam etdirýär. Özbegistanyň Horezm sebitindäki serhet gullugynyň işgäri bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Diňe Lebap bilen Buharanyň arasyndaky serhet geçelgesi ýapyk. Daşoguz-Horezm barlag nokady açyklygyna galýar ".   

 

Türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat geçelgesiniň ýapylandygyny 5 dekabrda habar beren "Türkmenistanyň Hronikasy" (TH) neşiri serhet geçiş nokadynyň ýapylmagynyň ýiti dem alyş ýokançlygynyň ýaýramagynyň sebäp bolandygyny ýazypdy.

Maglumatda,  Özbegistan sebitde çalt ýaýran wirus ýokançlygynyň epidemiýasy sebäpli Türkmenistanyň Lebap welaýaty bilen serhetdäki Alat-Awtodorožny (Farap-Alat) barlag nokadyny ýapdy diýlip habar berildi.  

Türkmenistanyň raýatlary serhet geçelgesinden diňe Özbegistandan öz watanyna gaýdyp bilerler, Özbegistanyň serhet goragçylary olary wizasy bar bolsa-da, yzyna gaýtmaga rugsat bermeýärler diýip TH ýazýar. 

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky çeşmeleri hem Özbegistan bilen serhet geçelgesiniň ýapylandygyny tassyklap, munuň iki ýurduň arasynda gatnaw edýän ýerli ýaşaýjylar üçin kynçylyk döredendigini aýtdy. 

"Özbek serhetçileri wizasy bar raýatlara barlag nokadynyň 40 günlik ýapylandygyny aýdýarlar" diýip habarçy belleýär. 

Şeýle-de, habarçynyň sözlerine görä, soňky günlerde lebaply ýaşaýjylar Özbegistandan gaýdyp gelenlerinde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan berk sorag edilýär.

"Özbegistandan gelen ýerli raýatlary welaýat polisiýasyna çagyryp, olardan syýahat edilen günlerinde kimler bilen, nirelere barandygy soralýar. Içgin sorag berlip, olaryň jenaýatçy toparlar bilen baglanyşyk edip-etmeýändigi öwrenilýär. MHM işgärleri soňky 1 ýylda Özbegistan 15 sapardan köp baran adamlary has jikme-jik sorag edýär" diýip, habarçy aýdýar. 

 

"Türkmenistanyň Hronakasy" neşiri barlag-geçiş nokadynyň ýapylmagynyň duýdansyz däldigi belleýär. Neşiriň maglumatyna görä, üç hepde mundan ozal Türkmenabatdaky pasport ofisiniň işgäri Türkmenistandan Özbegistana göçýän etniki özbeklere Özbegistana gitmek islese, howlukmalydygyny duýduryp, serhetiň ýakyn wagtda ýapyljagyny aýdypdyr, emma sebäbini agzamandyr. 

Farap-Alat serhet nokadynyň ýapylmagy we onuň sebäpleri barada Türkmenistanyň resmilerinden düşündiriş alyp bolmady.

Türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat barlag geçiş nokadynyň ýapylmagy tutuş regionda şol sanda Özbegistanda dem alyş keseliniň ýaýramagyna gabat geldi.

Türkmenistanda, esasanam mekdeplerde we çagalar baglarynda hem kesellänleriň sany artar.  

Türkmenistanyň we Özbegistanyň uzynlygy 1621 kilometre barabar serhedinde üç sany barlag-geçiş nokady bar. "Farap-Alat" nokady Türkmenistanyň Lebap welaýatynda, ýene ikisi Daşoguzda, ýagny "Şawat" geçelgesi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda we "Hojeýli" Köneürgenç etrabynda ýerleşýär.

Serhetdäki barlag-geçiş nokatlar wagtal-wagtal ýapylýar we serhetiň iki tarapynda ýaşaýan ilata, şol sanda söwda edip gün görýän adamlara täsir ýetirýär.    

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Подмосковье обсудили привлечение молодых специалистов на предприятие «Лукаморе»

Названа стоимость суточной аренды самого дешевого дома в Подмосковье

В ТРЦ «Звезда» проходит финальная игра 1/4 Центральной лиги КВН «Самара»

США и Европа "подготавливают" Россию и Ближний Восток для переселений?!

Музыкальные новости

Приглашенные солистки выступят в опере «Руслан и Людмила»

США и Европа "подготавливают" Россию и Ближний Восток для переселений?!

Финал областной школьной Олимпиады по шахматам состоялся в Опочке

Яндекс, А.С. Пушкин, Святой Ленин ведут следствие. Настоящая сенсация!

Новости России

В Подмосковье обсудили привлечение молодых специалистов на предприятие «Лукаморе»

Экономист Клешко дал советы, как выбрать наиболее подходящий кредит

Московские Айболиты. В столице выбирают лучшего ветврача

В ТРЦ «Звезда» проходит финальная игра 1/4 Центральной лиги КВН «Самара»

Экология в России и мире

Befree запускает сайт для поиска талантов

Добрые рисунки: «585*ЗОЛОТОЙ» запустила конкурс ко Дню защиты детей

Приглашенные солистки выступят в опере «Руслан и Людмила»

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

Спорт в России и мире

Янник Синнер высказался о первом месте в рейтинге ATP и травме Новака Джоковича

Экс-теннисист Ольховский: российские теннисисты выступили ниже ожиданий

Соболенко, проигравшая Андреевой, потеряет 2-е место в рейтинге WTA по итогам «Ролан Гаррос», уступив его Гауфф

Андреевой предрекли борьбу за топ-10 рейтинга WTA в текущем сезоне

Moscow.media

Работать там, где удобно: беспроводная гарнитура Fstyler BH230 от A4Tech

«Грузовичкоф» выступил в Санкт-Петербургской торгово-промышленной палате с предложениями для развития отрасли

Бурятский Театр кукол Ульгэр в Улан-Улан-Удэ показал в Этнографическом музее народов Забайкалья перед детьми и родителями в семейный праздник сказку Колобок - Новости и Культура, Дети и Россия

За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *