Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabat kazyýeti žurnalist Halykowyň ýurtdan çykmagyna çäklendirmäniň kanunylygy baradaky suduň ozalky kararyny ýatyrdy

3-nji iýulda Aşgabat şäher kazyýeti garaşsyz žurnalist Nurgeldi Halykowyň mundan öň Köpetdag etrap kazyýetiniň onuň ýurtdan çykmagyna girizilen çäklendirmäniň kanunydygy baradaky kararyna garşy beren şikaýat-arzasyny kanagatlandyrdy. Munuň bilen ozalky karar ýatyrylyp, iş bolsa şol bir etrap kazyýetine, ýöne başga bir sudýanyň garamagyna gaýtaryldy diýip, turkmen.news habar berýär.

Mundan öň Köpetdag etrap sudy Halykowyň migrasiýa gullugy tarapyndan ýurtdan çykmagyna girizilen gadagançylyga garşy tabşyran şikaýatyny kanagatlandyrmady. Maglumata görä, 14-nji maýda geçen kazyýet diňlenişiginiň dowamynda migrasiýa gullugynyň wekili Halykowyň ýurtdan çykmagyna garşylygynyň ýokdugyny, özleriniň diňe “degişli edaranyň” görkezmelerini ýerine ýetirýändiklerini belläpdir. Emma ol gürrüňi gidýän “edarany” aýdyňlaşdyrmandy.

Ýurduň daşyndaky garaşsyz neşir bilen hyzmatdaşlyk saklan 30 ýaşly Halykow, Türkmenistanda dört ýyl türme möhletini başdan geçirip, geçen ýylyň iýun aýynda boşadylypdy. Ol şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistany terk etmäge synanyşýar.

Nurgeldi Halykow 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda galplykda aýyplanyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne adam hukuklaryny goraýjylar žurnaliste garşy sud işiniň toslanyp tapylandygyna ynanýarlar. Ol Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran agzalarynyň suratyny garaşsyz Turkmen.news neşirine ugratmagyndan soň tussag edilipdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *