Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Azattyk” Gazagystanyň DIM-iniň 7 žurnaliste akkreditasiýa bermekden ýüz öwürmegi sebäpli kazyýete ýüz tutdy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Gazagystandaky wekilhanasy ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýedi žurnalistine akkreditasiýa bermekden ýüz öwürmegi sebäpli ministrligiň garşysyna kazyýete ýüz tutdy.

Gazagystanyň DIM-i 2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda AÝ/AR-niň ýedi žurnalistiniň akkreditasiýasyny uzaltmakdan ýüz öwürdi. Ministrlik munuň sebäbini Gazagystanyň “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky” kanunynyň 30-njy maddasynyň 4-nji bendiniň bozulmagy bilen düşündirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazagystandaky wekilhanasy ministrligiň karary bilen ylalaşmaýandygyny we muny bikanun hasaplaýandygyny nygtaýar.

Guramanyň bellemegine görä, akkreditasiýanyň möhleti tamamlanmazdan iki aý öň, ýagny 2025-nji ýylyň 13-14-nji fewralynda AÝ/AR-Gazagystan direktory ýedi žurnaliste akkreditasiýa bermek baradaky resmi haýyş hatyny ministrligiň elektron poçtasyna iberdi. Bu resminamalar DIM tarapyndan kabul edildi.

Hereket edýän düzgünnama laýyklykda, ministrlik iki aýyň dowamynda arzany gözden geçirmelidi we karary barada ýazmaça jogap bermelidi.

AÝ/AR-Gazagystanyň DIM-e garşy beren şikaýatynda, ministrligiň iki aýlyk möhlet gutarandan soň akkreditasiýa baradaky karar ýa-da onuň ret edilendigi barada ýazmaça jogap bermändigini belleýär. Şeýle-de ministrlik 16-njy aprelde, şol sanda soň ret edilen 7 žurnalistiň hem arasynda bolan jemi 11 žurnalistiň akkreditasiýa meseleleriniň çözgüdini ýene iki aý möhlete yza süýşürýändigini habar berdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *