Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda benzin gytçylygy ýene-de güýçlendi

Mary welaýatynda benzin ýetmezçiligi ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, welaýatyň dürli böleklerinde ýerleşýän ýangyç beketleriniň ençemesinde iki hepde bäri benzin ýetmezçilik edýär, dizel ýangyjy hem seýrek bolýar.

Maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, benzin ýetmezçilgi welaýatyň ähli ýerlerinde duýulýär. Gytçylyk 18-nji sentýabrdan bäri dowam edýär.

“Türkmengala etrabynyň ähli ýangyç beketlerinde hat-da dizel ýangyjy hem ýok” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy Mary şäheriniň ýangyç guýýan beketlerinde awtoulaglaryň uly nobatlarynyň dörändigini 1-nji oktýabrda habar berdi.

Benzin gytcylygy barada sosial mediada cap bolan maglumatlarda hem aýdylýar. Ýerleşdirilen wideolarda ýangyc beketlerinde onlarça awtoulagyň nobata durandygy görkezilýär.

Mary welaýatyndaky ýangyç ýetmezçilgi beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň arasynda hem aladalary artdyrdy.

Hususan-da Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary ýerli ýangyç beketlerinde şu günler benzin satylýan hem bolsa, ätiýaçlyk üçin öňünden ýangyç alyp goýmagyň aladasyny edýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatly ýaşaýjy şeýle gürrüň berdi: “Benzin beketleriniň başlyklaryna haýyş edip, 95-A markaly beniziniň 200 litrini 1 litri 7 manatdan satyn alyp öýde goýdum. Benzin ýetmezçilgi ençeme ýyllaryň dowamynda gaýtalanýar. Şol sebäpli, hudaýa ynansak hem, eşegimizi mäkäm baglamaly bolýarys”.

Nebit önümlerini öndürip, eksport edýän Türkmenistanda awtoulaglar üçin ýangyç gytçylygy ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Lebapda şu ýylyň mart aýynda güýçli benzin gytçylygy ýüze çykdy. Mary we Balkan welaýatlarynda awtoulag ýangyjynyň tomsuň ortalarynda duýuldy.

Türkmenabadyň häkimligine ýakyn çeşme, benzin gytçylygyna sebäp bolýan ýagdaýlaryň biri ýangyjyň goňşy ýurtlara eksport edilmegi bilen bagly diýýär.

“Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenistan Özbegistana benzin satýar we şondan gelen girdejisi esasynda öwezi dolmadyk pagta planyny ýapýarlar, ýa-da goňşy ýurtdan dökün we şuňa meňzeş önümleri satyn alýar” diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Marynyň ýangyç beketlerinde şu günler benziniň gytalmagynyň sebäplerini welaýatyň resmilerinden we Türkmenistanyň pudak edaralaryndan resmi görnüşde anyklap bolmady.

Maryda benzin gytçylygy soňky gezek Wekilbazaryň nebit bazasyndaky ýangyndan soň ýüze çykdy. 31-nji iýulda dörän ýangyn zerarly benzin gytçylygynyň döremeginden howatyr eden ýaşaýjylar benzin beketlerinde uzynlygy bir kilometrden uly bolan nobatlary döretdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *