Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Marko Rubio 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryna barmagy planlaşdyrýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen duşuşykda geljek ýyl Gazagystana we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar etmek niýetini yglan etdi.

Duşuşyk 6-njy noýabrda geçiriljek Merkezi Aziýa-ABŞ sammitiniň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň binasynda geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar etmek meýilnamalary barada gürrüň beren Rubio, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen ABŞ-nyň prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça wekili Serjio Goryň ýakynda Gazagystana we Özbegistana eden saparyny agzady. Olar oktýabr aýynyň ahyrynda bu ýurtlara baryp gördüler.

"Olar ol ýerde köp wagt geçirdiler we men olaryň baryp bilmedik beýleki ýurtlaryna dolanmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny bilýärin. Meniň özüm geljek ýyl olara sapar etmegi meýilleşdirýärin we bäş [ýurdyň] hemmesine baryp görmekçi, şonuň üçin bu saparyň bir hepde ýa-da ondan hem köp wagt aljakdygyny bilýärin, şonuň üçin biz munuň üstünde işlemeli we bilelikde etmeli" diýip, Rubio aýtdy.

Döwlet sekretarynyň sözlerine görä, Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýa ýeterlik derejede üns bermedi we bu "käbir derejede kemçilik boldy".

6-njy noýabrda Birleşen Ştatlar Waşingtonda "C5+1" sammitini geçirer, onda prezident Donald Tramp Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň - Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerini kabul eder. Ara alnyp maslahat ediljek esasy temalaryň energiýany, strategik serişdeleri, maýa goýumlary, söwda ýollaryny we sebitleýin howpsuzlyk meselelerini öz içine almagyna garaşylýar.

Analitikler Ak Tamyň täze hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglaşmak üçin edýän tagallalarynyň fonunda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň öz mineral baýlyklaryndan peýdalanyp, Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga synanyşjakdygyny çaklaýarlar.

Halkara adam hukuklary guramasy bolan "Amnesty International" bu duşuşykda amerikan syýasatçylaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklarynyň kemsidilmegi meselesini gozgamaga çagyrýar. Hususan-da, "raýat jemgyýetine we ejiz toparlara basyş etmegi bes etmäge, adam hukuklaryna hormat goýmaga we raýat jemgyýetiniň erkin işläp biljek gurşawyny üpjün etmäge" çagyrýarlar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *