Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

TDH ýurduň ilatly nokatlarynyň ählisiniň "mawy ýangyjyň eşretini görýändigini" aýdýar

Türkmen metbugaty ýurduň ilatly nokatlarynyň ählisiniň tebigy gaz bilen üpjün edilendigini, täze gurulýan oba-şäherleriň gazlaşdyrylmagy üçin hem uly işleriň edilýändigini habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ýazmagyna görä, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazüpjünçilik” müdirliginiň işçileri şu ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan gaz geçirijileriniň 42 müň 360 metrine derek 42 müň 387 metr gaz geçiriji çekdi.

Müdirligiň işgärleri şu ýylyň başyndan bäri sebitiň ilatly ýerlerine çenli 25,3 kilometrden gowrak aralyga eltiji gaz geçirijileri çekdiler, ilatly ýerleriň içine çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy bolsa 17 kilometrden gowrak boldy.

Oba ýerlerinde 30,8 kilometr, şäherçelerde we şäherlerde 11,5 kilometr aralyga gaz geçiriji çekildi.

Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesine we şäheriň eteginde täze paýlanan mellek ýerlerine çekilen geçirijileriň uzynlygy 5 kilometre golaý boldy diýip, habarda aýdylýar.

Mundan başga, ýyl başyndan bäri Darganata etrabynda 1, Dänew etrabynda 11,1, Çärjew etrabynda 6,6, Halaç etrabynda 3,3, Hojambaz etrabynda 8,4, Köýtendag etrabynda 6,4 kilometr, Saýat etrabynda 440 metr geçiriji çekildi, welaýat boýunça gaz paýlaýjy beketleriň 406-sy, gaz sazlaýjylaryň 3477-si işledilýär diýip, TDH ýazýar.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýaşaýjylar ýurduň ilatly nokatlaryndaky gaz, elektrik, suw kesilmeleriniň azalmaýandygyny, şol bir wagtda il arasynda gaz töleglerini töläp bilmeýän maşgalalaryň köpelýändigini gürrüň berýärler.

Türkmen metbugaty ýönekeý adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýär. Häkimiýetler ýaşaýjylaryň sosial media arkaly edýän ýüzlenmelerine hiç bir düşündiriş bermeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *