Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda, hususan-da, Maryda ýangyç gytçylygy has-da ýitileşýär

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň gündogar, günorta we günbatar sebitlerinde, hususan-da, Mary welaýatynda benzin we dizel gytçylygy has-da ýitileşdi.
Soňky günlerde beketlerde ýangyç üpjünçiligi gün saýyn ýaramazlaşýar we günüň aglaba böleginde benzin, dizel tapdyrmaýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 25-nji noýabrda sebitden maglumat berdiler.
“Marynyň ýangyç guýýan beketleri diňe A-95 markaly benziniň ýoklugy bilen çäklenmeýär. Eýse, ulag sürüjileri dizel ýangyjyny satyn almak üçin-de azyndan 3-4 sagat nobata durmaly bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ulag eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, soňky 10 günden gowrak wagt bäri sebitiň ýangyç guýýan beketleriniň köpüsinde dizel ýangyjy her bir gije-gündiziň dowamynda, irdenden günortana çenli, diňe dört sagat satylýar.
“Şol wagtyň dowamynda ýük ulaglarynyň sürüjileri guýduryp ýetişen guýdurýar, galanlary ýangyçsyz galýar. Ýagdaý günsaýyn beterleşýär” diýip, maryly ýük ulag sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.
Welaýatyň çägindäki ýangyç guýýan beketleriň diňe käbirinde A-92 markaly benzin satyn alyp bolýar. Ýöne beketleriň işgärleri sürüjilere bu benzinden hem çäkli möçberde satýarlar we her ulaga 10-15 litrden artyk guýup bermeýärler.
Habarçylarymyz A-95 markaly benzine tas diňe paýtagt Aşgabatda we Balkan welaýatynyň merkezi şäherlerinde we etraplarynda duş gelse bolýandygyny aýdýarlar.
“Paýtagtdan we Balkanyň merkezi sebitlerinden daşlaşdygyňça, ýangyç guýýan beketlerde ýangyjyň bar wagtyndan ýok wagty has köp bolýar. Benziniň ýokary hilli görnüşi hem, has-da seýrekleşýär” diýip, welaýatlaryň arasynda ýygy-ýygydan sapar edýän ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Korrupsiýa möwejeýär"Ýangyç gytçylygy sebitde “korrupsiýanyň möwjemegine” hem getirdi. Habarçylarymyz ýangyç guýýan beketleriň işgärleriniň köpüsiniň özlerine nagt 10 manat beren sürüjileriň ulagyna 15 litr benzin guýup berýändigini aýdýarlar.
“Beket işgärleri bu puly tölemek islemeýän sürüjilere ‘ýangyç gutardy’ diýip jogap berýärler we ýangyç satmaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýeňil ulag sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.
Ýurduň gündogar, günorta we günbatar sebitlerinde, hususan-da, Maryda ýangyç gytçylygy sentýabr aýynyň ahyryndan bäri dowam edýär. Muňa garamazdan, ýerli häkimiýetler we ýangyç guýýan beketleriň resmileri gytçylyga sebäp bolýan ýagdaýlar barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri tas iki aýa golaý wagt bäri dowam edýän gytçylyk barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda “Türkmennebitönümleri” kärhanasynyň Marydaky edarasyndan teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerinde ýangyç gytçlygy ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Mundan ozal, Maryda benzin gytçylygy soňky gezek Wekilbazaryň nebit bazasyndaky ýangyndan soň ýüze çykypdy. 31-nji iýulda dörän ýangyn zerarly benzin gytçylygynyň döremeginden howatyr eden ýaşaýjylar benzin beketlerinde uzynlygy bir kilometrden uly bolan nobatlary döretdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *