Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Waşingtondaky hüjümden soň ABŞ 19 ýurduň raýatlarynyň "Green Card"-yny gözden geçirýär, arasynda Türkmenistan hem agzalýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, Waşingtonda Milli Gwardiýanyň goşunlaryna edilen hüjümden soň, Owganystandan we başga-da 18 ýurtdan gelen we hemişelik ýaşaýyş rugsady ýa-da "Green Card" dokumenti bolan her biriniň immigrasiýa statusyny gözden geçirjekdigini yglan etdi.

"ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň görkezmesi esasynda, men alada döredýän her ýurtdan gelen her bir daşary ýurtly üçin her bir "Green Card"-yň doly möçberde, berk gaýtadan gözden geçirilmegini tabşyrdym" diýip, ABŞ-nyň Raýatlyk we Immigrasiýa Gullugynyň (USCIS) direktory Jozef Edlow 27-nji noýabrda X-de ýazdy.

Jozef Edlowyň beýanatynda ABŞ-nyň haýsy döwletleriň 'alada döredýän ýurt' hasaplaýandygy görkezilmedi.

Edlowdan barlagyň haýsy ýurtlary degişlidigini anyklaşdyrmak barada soralanda, USCIS-iň metbugat wekili prezident Donald Trampyň iýun aýynda 19 ýurdy "anyk alada döredýän" diýip klassifikasiýa eden ýurtlara degişli permanyny agzady diýip, AFP agentligi ýazdy.

"Reuters" agentligi USCIS-ň resmisi Trampyň iýun aýynda Owganystan, Burundi, Laos, Togo, Wenesuela, Sýerra-Leone we Türkmenistan ýaly 19 ýurduň raýatlaryna garşy girizen syýahat gadaganlygyna salgylandy diýip ýazdy.

Resmi Aşgabat, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky özgerişler boýunça häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmediler.

ABŞ-nyň resmileri tarapyndan yglan edilen soňky çäre çarşenbe güni bolan atyşykda tussag edilen şübheliniň ozal Owganystandaky amerikan güýçleri bilen işleşen owgan raýaty diýip, anyklanmagynyň yzýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň esasy baýramçylyklarynyň biriniň, “Thanksgiving”, Sagbolsun gününiň öňüsyrasynda, 26-njy noýabrda Waşingtonda, Ak Tamdan birnäçe kwartal uzaklykda, Milli gwardiýanyň iki esgeri köçelerde gözegçilik edýän wagtynda tüpeňlenip, agyr ýaralandy.

27-nji noýabrda ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy (USCIS) owgan raýatlary üçin ähli immigrasiýa meselelerine seretmegi näbelli bir möhlete çenli togtadýandygyny yglan etdi diýip, “Fox” neşiri habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *