Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Žaparow Atambaýewi döwlet sylaglaryndan mahrum etdi

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow öňki döwlet baştutany Almazbek Atambaýewi ähli hormatly atlaryndan we sylaglaryndan mahrum etmek baradaky permana gol çekdi.

Prezident administrasiýasynyň ýaýradan beýanatynda bu çäräniň Bişkek şäheriniň Birinji Maý etrap kazyýetiniň 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda çykaran kararyna laýyklykda görlendigi aýdylýar.

Atambaýew “Gyrgyzystanyň Gahrymany” (“Gyrgyz Respublikasynyň Baatyry”) adyndan, 2-nji derejeli “Manas” ordeninden, “Danaker” ordeninden we “Dank” medalyndan mahrum edildi. Baş prokuraturanyň degişli gullugyna olary döwlet baýraklary gaznasyna geçirmek üçin konfiskasiýa etmek tabşyryldy.

Žaparow we Atambaýew geçen aý bir-birini ýurduň ýüzbe-ýzü bolýan energiýa meselelerine jogapkär bolmakda aýyplady.

Häzirki prezident Atambaýýewden öň ýurduň energiýa pudagynyň krizisiň bosagasyna getirilendigini aýtdy.

Žaparowyň tassyklamagyna görä, Atambaýewiň döwlet başyna gelmegi bilen, ýurduň energetika pudagy "doly batgalyga iterildi" we häzir hem şol kyn ýagdaýyndan çykyp bilmän kösenýär.

Häzir daşary ýurtda ýaşaýan we öz ýurdunda gaýybana 11,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Atambaýew, häzirki döwlet baştutanynyň aýdanlaryny, şol sanda Bişkek ýylylyk elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly korrupsiýa babatyndaky aýyplamalary ret etdi.

Ol energiýa krizisiniň öz günäsi bilen däl-de, Žaparowyň we onuň işgärlerleriniň kabul eden kararlary netijesinde dörändigini, wezipede bolan döwründe uly taslamalaryň durmuşa geçirilendigini öňe sürdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *