Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp eýranly protestçileri goldaýandygyny aýtdy, ölenleriň we tussag edilenleriň sany artýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranda howpsuzlyk güýçleriniň görkezýän rehimsiz basyşlaryna tap getirip, ýurduň ykdysady kynçylyklary sebäpli tapgyr bäş gün bäri protest bildirýän eýranlylary goldaýandygyny aýtdy.

Halk protestleri wagtynda birnäçe adamyň ölendigi, onlarça adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Tährandaky protestler 28-nji dekabrda, eýranyň walýutasynyň ABŞ dollaryna bolan gatnaşygynyň pese gaçmagy we inflýasiýa derejesiniň 52 prosente çenli ýokarlanmagy bilen başlandy. Soňra bu protestler beýleki sebitlere hem ýaýrady.

Eýran häkimiýetleri 2-nji ýanwarda bir topar sebitde has köp bidüzgünçiligiň döremegine taýýarlyk gördüler, ýurduň ykdysady kynçylyklary sebäpli gahar-gazaba münen protestçileriň tapgyr bäşinji gün köçelere çykmagy bilen, ölenleriň we tussag edilenleriň sany artýar.

Döwlet tarapyndan gözegçilik edilýän media we halkara hukuk toparlary 1-nji ýanwarda demonstrasiýaçylar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan ýedi adamyň ölendigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Hökümet bilen baglanyşykly habar agentlikleri halk nägileligi wagtynda ýüze çykan zorlukly wakalarda, öz atlandyryşlary boýunça, "pitneçi" diýilýänleri aýypladylar.

Eýran häkimiýetleri häzirlikçe bu habarlary tassyklamady we Farda radiosy, Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy berilýän maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmedi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili 2-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Farda radiosyna iberen teswirlerinde "protestler eýran halkynyň öz hökümetleriniň şowsuzlyklary we bahanalary bilen bagly düşnükli gahar-gazabyny görkezýär" diýdi.

"Soňky protestler aýdyň bir hakykaty açyp görkezýär: Eýranlylaryň köpüsi häzirki häkimiýetiň özleriniň söýýän ýurtlaryny mundan-da beter weýran etmezinden öň, islendik bahany töläp we mümkin boldugyça çalt ýok edilmegi baradaky karara geldi" diýip, Eýranda demokratiýany ornaşdyrmak we adam hukuklaryny goramak ugrundaky tagallalary üçin 2003-nji ýylda Nobel parahatçylyk baýragyna mynasyp bolan Şirin Ebadi 1-nji ýanwarda Farda radiosyna telefon arkaly beren interwýusynda aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *