Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aýzat Žumanowanyň ölümi: Aýyplanan 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Taldygorganda 32 ýaşly aýaly Aýzat Jumanowany öldürmekde aýyplanýan Žanbolat Aýbar 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol jezasyny orta derejeli gözegçilikli tussaghanada geçirer.

Kazyýet diňlenişiginde pidanyň ejesi aýyplanýana ömürlik türme tussaglygynyň berilmegini sorady. Prokuror, öz gezeginde, aýyplanýana 15 ýyl türme tussaglygyny sorady.

8-nji ýanwarda geçirilen diňlenişikde Žanbolat Aýbar aýalyny öldürmek niýetiniň bolmandygyny we günäsini bölekleýin boýun alýandygyny aýtdy.

Ol aýalynyň ýüzüne urandygyny we maşgalada dörän dawanyň sebäbiniň gabanjaňlyk bolandygyny aýtdy.

"Men eden işlerim üçin jogap bererin. Men adam öldürmek pikirinde däldim; beýle niýetim ýokdy. Bu bir seresapsyzlyk boldy. Men musulman we şeýtanyň alyna düşdüm diýip pikir edýärin. Ötünç soramakdan başga aýtjak zadym ýok. Men jezamy doly çekerin" diýip, ol aýtdy.

Merhumyň garyndaşlary är-aýalyň arasyndaky dawanyň Žanbolatyň Aýzaty uzak wagty bäri urup-ýenjip gelmegi netijesinde dörändigini aýtdylar.

Olaryň sözlerine görä, Žanbolat aýalyny iki ýaşly gyzynyň gözüniň öňünde urupdyr.

Aýzat Žumanowa geçen ýylyň iýun aýynda Jetysu sebitiniň Balasaz obasynda aradan çykdy. Derňewçileriň sözlerine görä, aýyplanýan jenaýatyň bolan güni birnäçe çüýşe piwo içip, aýalynyň başga bir erkek bilen eden telefon söhbetdeşligini ýadyna salypdyr. Netijede, gabanjaňlyk sebäpli, ol aýaly öldürmek kararyna edipdir.

Aýalynyň kömek sorap gygyrmagyna garamazdan, ol ony urmagyny dowam etdiripdir.

Şeýle-de, prokuror “Tiz kömek” gullugynyň gaty giç çagyrylandygyny belledi. Lukmanlaryň tagallalaryna garamazdan, urlan aýal ýarym sagatdan soň jan beripdir.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *