Russiýanyň Nowokuznetsk bäbekhanasynda dokuz çaga öldi
Täze ýyl baýramçylyklary wagtynda Nowokuznetskiň 1-nji şäher kliniki hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminde dokuz bäbek öldi.
Bu barada ilki NGS42 we TASS, çeşmelere salgylanyp, habar berdi. Soňra ýerli häkimiýetler bu maglumaty tassyk etdiler.
Çagalaryň ölüminiň sebäpleri resmi taýdan yglan edilmedi.
Hassahananyň web sahypasynda dem alyş ýollarynyň infeksiýalarynyň ýokuşma derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli, "karantin çäreleri wagtynda", çaga dogrulýan bölümiň näsaglary kabul etmeginiň togtadylandygy habar berilýär.
NGS42 çeşmesi çaga dogrulýan bölümiň 12-nji ýanwarda ýapylandygyny anyklady.
Kemerowa sebitiniň Saglygy goraýyş ministri Andreý Tarasow çagalaryň ölümi baradaky habary tassyklady, emma pidalaryň sanyny anyklaşdyrmady.