Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystan Hazar deňziniň öwrenilmegine we gorap saklanmagyna takmynan $2 million möçberinde serişde bölüp berdi

Gazagystanyň hökümeti Hazar deňziniň toplumlaýyn öwrenilmegi we goralyp saklanmagy üçin özüniň gorundan 1,1 milliard tenge (takmynan 2 million ABŞ dollary) möçberinde serişde bölüp bermegi tassyklady diýip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berdi. Degişli karara premýer-ministr Olžas Bektenow gol çekdi.

Metbugat gullugynyň 24-nji fewralda Telegram ulgamynda çap eden maglumatyna görä, serişde Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny we onuň durnuklylygy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýän “Gazagystanyň Hazar deňzi ylmy-barlag institutyna” iberildi.

Hökümetiň aýtmagyna görä, maliýeleşdirme Hazar deňziniň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmäge, şol sanda gidrometeorologiýa we biologik parametrleriň gözegçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem gidrobiologik we gidrohimiki laboratoriýalar üçin ylmy enjamlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik döreder.

Gazak hökümeti ýurduň agzalýan institutyny goldamak maksady bilen mundan ozal hem serişde bölüp beripdi: 2025-nji ýylyň awgust aýynda hökümetiň ätiýaçlyk gaznasyndan Hazar ekosistemalary boýunça ylmy barlaglary ösdürmek üçin 305 million tenge bölünip berildi. Bu takmynan 500 müň ABŞ dollaryna barabardyr.

Hazar deňzi suwunyň derejesiniň peselmegi, munuň biodürlülige howp salmagy we howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli ekologiýa taýdan aladalanma döredýän çeşme bolmagynda galýar. Halkara we sebitleýin bilermenler Hazaryň ekosistemasyny goramak üçin kenarýaka ýurtlaryň arasynda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belleýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *