Türkmen-eýran gümrük geçelgesi işläp başlady, serhetde ýüzlerçe ýük ulagy jemlendi
Türkmenistanyň Eýran bilen arasyndaky serhediniň geçiş nokatlary ençeme hepdeläp ýapyk durdy. Azatlygyň çeşmeleri Kaka etrabyndaky "Artyk" gümrük nokadynyň birden açylandygyny 26-njy fewralda habar berdiler. Munuň bilen baglylykda Türkmenistandan Eýrana tarap ýük ulaglarynyň uly nobatlary emele gelipdir. Eýrandan gelen ýük ulaglarynyň ýüzlerçesi türkmen-özbek serhedinde hem toplandy.
"Şu hepdäniň başynda bäri, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 'Artyk' gümrük geçelgesi birdenkä açylyp, Eýran tarapdan we Türkmenistandan Eýrana tarap ýolagçy ýük tirkegleriň ýüzlerçesi uzyn nobatlara düzüldi" diýip, ýerli çeşmeleriň biri serhetdäki ýagdaýy gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmelere görä, serhediň her tarapynda duran ýük ulaglaryň sany 500-700 aralygynda bolup, nobatlar birnäçe kilometre uzaýar. Ulaglaryň aglaba köpüsi, Eýrandan Türkmenistana tarap geçýän ýükli transport serişdesi.
Türkmenistan tarapynyň howpsuzlyk sebäpli bir aýdan gowrak wagt bäri serhedi ýapyk saklamagy ulaglaryň üýşmegine sebäp boldy diýip, çeşmeler aýdýar.
Ulag sürüjileriniň sözlerine görä, serhet geçelgesiniň açylmagy uly howsala döredipdir, her kim tizräk geçmäge howlugýar we onuň näçe wagtlap açyk durjagyny bilmän, uzaga çekmejegini çaklaýar.
"Eýrandan esasan sitrus miweler we hojalyk harytlar getirilýär. Eýrandan Türkmenistan üstaşyr Özbegistana we deňiz üsti bilen paromly Russiýa Federasiýasyna dürli harytlar daşalýar" diýip, ulag sürüjisi aýtdy.
Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky Atyk-Lotfabad gümrük geçelgesi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýär. Azatlyk Radiosy Artyk awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki “Artyk” gümrük nokadyndaky ýagdaý barada resmi teswir almaga synanyşdy. Oňa jogapkär Ahal welaýatynyň gümrükhanasynyň telefon nomerlerine edilen jaňlara jogap berilmedi.
Farap gümrük geçelgesinde nobat dörediDörän uzyn nobatlar diňe Türkmenistanyň Eýran bilen serhedinde döremän, eýsem Türkmenistan bilen Özbegistanyň Farap gümrük geçelgesinde hem emele geldi.
Gümrükden geçmek üçin garaşyp duran ulaglaryň sürüjileri 4-5 gün bäri ulagyň içinde ýatyp, hiç hili şert bolmadyk ýagdaýda gije gündizini ulagda geçirmeli bolýarlar.
"Adamlar eklenç üçin, güzeran dolandyrmak üçin ähli kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Ýöne hökümet tarapyndan bu kyn şertlerde oňmaly bolýan sürüjilere ne içmäge suw paýlanýar, ne-de ýuwunmaga, ardynmaga şert döredilýär diýip, türkmen-özbek serhedinde duran ulaglaryň biriniň sürüjisi aýtdy.
Lebapdaky çeşmelere görä, türkmen-özbek serhedindäki nobat "Artyk" gümrük geçelgesiniň işläp başlamagyndan soň döräpdir. "Artyk geçelgesi şu hepdäniň başynda açyldy, Özbegistana tarap Farap geçelgesi öň hem açykdy, ýöne Eýrandan ýük bolmansoň, bu ýerde ulaglar azdy" diýip ýerli çeşme aýtdy.
Türkmenistan Eýran bilen arasyndaky gümrük geçelgesini bir aýdan gowrak wagtlap ýapyk saklady. Türkmenistanyň hökümetiniň muny Eýranda dörän protestler bilen bagly dartgynlylygyň arasynda howpsuzlyk sebäpli edendigini çeşmeler belledi.
Fewralyň başynda Türkmenistan Eýran bilen serhedindäki çäklendirmeleri gowşadyp başlady.
"Azyk harytlarynyň we beýleki hojalyk harytlarynyň Türkmenistanyň içerki bazarynda gytalmagy, serhedi wagtlaýyn hem bolsa, açmaga mejbur etdi. Türkmenistanyň üstünden gatnaýan ulaglaryň salgyt tölegi hem ýurduň býujetine gowy girdeji berýär" diýip, gümrük işgäri aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 4-nji fewralda beren maglumatynda, hususan-da saglygyna seretdirmek üçin Eýrana barýan türkmenistanlylaryň we käbir ýük ulaglaryň türkmen-eýran serhet geçelgelerinden geçirilişiniň gaýtadan dikeldilendigi, emma türkmen telekeçileriniň Eýrana sapar etmegine garşy çäklendirmeleriň saklanyp galandygy aýdyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.