Türkmenistan Eýran bilen serhedini ýapdy, ýurtda azyk bahalary galýar
Türkmenistan, Eýrandaky urşuň fonunda, resmi yglan etmezden, özüniň günorta goňşusy bilen aradaky serhet geçelgelerini ýapdy.
“Bajgyran, Sarahs, Artyk geçelgeleri adaty gatnaw üçin doly ýapyldy. Ýurduň günortasyndaky Sarahs geçelgesi diňe kesgitli sagatlaryň dowamynda, Türkmenistanyň we üçünji ýurtlaryň raýatlaryna hyzmat edýär” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly hökümetdäki bir çeşmesi 2-nji martda gürrüň berdi.
Dünýäniň iň bir ýapyk ýurdy Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Daşary işler ministrligi, Döwlet serhet gullugy Eýran bilen aradaky serhetleriň ýapylandygy barada – makalanyň çap edilen pursadyna çenli – hiç hili maglumat bermedi.
Ahaldaky habarçymyz hem gözli şaýatlara salgylanyp, serhet geçelgeleriniň ýapylandygyny tassyklady, şeýle-de ol ýerlerdäki türkmen serhetçileriniň sanynyň göz-görtele köpelendigini belledi. Mundan öň, bir aý çemesi petikli saklanan türkmen-eýran serhet geçelgisi 26-njy fewralda gaýtadan açylypdy.
“Türkmenistanyň serhet gullukçylary örän aladaly ýagdaýda. Bosgunlaryň akymy bolmagy mümkin diýip gorkýarlar. Olaryň Hazaryň üsti bilen-de geçmeginiň mümkindigi aýdylýar. Serhet gullukçylarynyň birnäçesi ýolbaşçylardan nähili hereket etmelidigi barada anyk görkezmeleriň ýokdugyny we ýagdaýyň mümkin bolan eskalasiýasyna garşy durmaga taýýar däldigini aýtdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim gürleşen bir harby aýtdy.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gury ýer serhediniň uzynlygy takmynan 1 müň 148 kilometr bolup, olar Hazar deňzinde hem özara çäklendirilmedik deňiz serhedini paýlaşýarlar.
Bu aralykda, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2-nji martdan başlap Aşgabat – Dubaý – Aşgabat we Aşgabat – Jidda – Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlaryny 4-nji marta çenli togtadýandygyny mälim etdi. Resmi beýanatda goňşy döwletdäki uruş agzalman, munuň Eýranyň ‘howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen’ kabul edilendigi aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy dymýarŞol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň, döwetiň berk gözegçiligindäki medianyň Eýrandaky uruş barada dymmagy hem ýurt içindäki, hem daşyndaky türkmenistanlylaryň arasynda nägilelikleri we howatyrlary döretdi. Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň websaýtynda-da, bu ýurtdaky uruş, agyr ýagdaýa düşen türkmen raýatlarynyň howpsuzlygy barada maglumatlar paýlaşylmaýar.
“Eýran bilen serhetdäki başga ýurtlar öz halkynyñ aladasyny edip telewideniýede, internet ulgamlarynda Eýrana sapara gitmeklikden saklanmaga çagyrýarlar we tiz wagtyñ dowamynda Eýrandaky öz ýaşaýjylaryna ýurtdan çykyp gaýtmaklaryny soraýarlar. Umuman aýdanyňda öz halkyny goraýar. Türkmenistan bolsa hiç hili bir bildirişler bilen çykyş etmeýär. Eýrana öz saglyklaryny bejertmek üçin, söwda bilen giden türkmenler kän. Daşary ýurtdaky türkmenler ýurtdaky öz dogan garyndaşlaryny alada edýärler” diýip, daşary ýurtdaky türkmen talyplarynyň biri pikirini paýlaşdy.
Azyklar gymmatlaýarGatnaw çäklendirmeleriniň girizilmegi Türkmenistanyň bazarlaryndaky azyk önümleriniň bahalaryna hem dessine ýiti täsir ýetirdi. Türkmenistan köp mukdarda azyk we gök-bakja önümlerini Eýrandan getirýärdi.
“Azyklaryň baharynyň tas ählisi birden 15-20% gymmatlady. Bu Eýrandan getirilen hojalyk harytlaryna hem degişli. Söwdagärler öňümizdäki günlerde nyrhlaryň has hem ýokarlanyp biljekdigini duýdurýarlar, bu ýagdaýlardan özleriniň hem alada galýandyklaryny aýdýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 2-nji martda pikirini paýlaşdy.
Ýerli ykdysadyýetçileriň we synçylaryň birnäçesi, Eýran bilen serhetleriň ýapylmagyndan soň, ýurtda azyklaryň bahalarynyň birden artandygy baradaky ýagdaýlara ünsi çekip, munuň ýurt üçin ‘ýykyjy’ netijeleriniň bolup biljekdigini duýdurdylar. Olar Türkmenistanda soňky ýyllarda ‘özüni azyk bilen üpjün etmek’ boýunça syýasatyň diňe dil we kagyz ýüzünde amal edilendigini, aslyýetinde ýurduň azyk babatynda goňşy ýurtlara, esasan hem Eýrandan getirilýän önümlere juda garaşly galandygyny bellediler.
Eýranyň soňky elýeterli, 2024-nji ýylyň başyndaky resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistan bu ýurduň oba hojalyk önümlerini iň köp satyn alýan döwletleriniň sanawyna girdi.
Eýranyň Gümrük gullugynyň (IRICA) resmi sanlaryna laýyklykda, Eýrandan Türkmenistana esasan azyk önümleri, şol sanda süýt we süýt önümleri, gök önümler, miweler we guradylan miweler, süýji-köke we şokolad önümleri, ösümlik ýaglary we dürli azyk goşundylary dagy iberilýär.
“Häkimiýetler syýasy tarapdan her näçe "başyny guma soksalar"-da, Eýrandaky dartgynlygyň türkmen bazaryna ýetirjek ykdysady täsirini inkär etmek mümkin däl. Şol sebäpli hem, ýurtda onsuzam öňden gelýän çylşyrymly ykdysady kynçylyklary has beter agyrlaşdyrmazdan çözgüt gözlemäge häkimiýetler mejbur bolar... Bolmasa-da, içerki bazarda şübhesiz dörejek ählumumy defisit we haryt ýetmezçiligi türkmen jemgyýetçiliginde öň görlüp-eşidilmedik derejede närazylygy we "aç protestleri" döredip biler" diýip, maryly ykdysadçy belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.