Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Barha çuňlaşýan garyplyk' agzaçar däplerine, ilatyň gatnaşyk medeniýetine wehim salýar

Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady kynçylyklar, gündelik azygyny tapmaýan maşgalalaryň köpelmegi, resmi ýagdaýda boýun alynmaýan açlyk halkyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik, rehimdarlyk, jomartlyk, özara sylag, gatnaşyk, märeke däplerine hem wehim salýar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi habar berýär.
Bu habary Ahal sebitindäki habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar. Olaryň sözlerine görä, özleri o diýen dindar bolmasalar-da, däp-dessura eýerip, Oraza aýynda agzaçar edýän hojalyklar bu ýyl, metjide namaza barýan adamlaryň birden köpelmegi bilen, ‘uly alada galdylar’.
Mundan öň habarçylarymyz bilen gürleşen ýaşaýjylaryň käbiri her näçe utansalar-da, gapylaryna ýaremezana gelýän çagalary kowmaga mejbur bolýandyklaryny, sebäbi özleriniň hem aç bolup, agzaçarda-beýlekide garynlaryny doýurmaga garaşýandyklaryny gürrüň beripdiler.
'Agzaçar' üçin metjide namaza barýan köpelýär“Ahal welaýatynda häzir metjide namaz okamaga barýan adamlaryň sany her gün artýar, bu agyz açdyrýan hojalyklary kyn ýagdaýa salýar. Sebäbi hojalyklar nahar taýýarlanlarynda, hemişe metjide gatnaýan ýaşulularyň sanynyň takmynan 15-20 adam bolandygyny nazarda tutup, şoňa görä saçak ýazýarlar. Emma şu günler metjide agzaçar edýärin diýip aýtsaň, ol ýerde namaz okan 60-dan gowrak adam öýüňe gelýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.


Agzaçar eden hojalyklaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, metjitden agzaçara gelýänleriň arasynda ýaş oglanlar, çagalar hem köpelýär.
Agzaçar edýänler häzir diňe metjitde namaz okaýanlaryň däl, agzaçara şeýle gelýän oba çagalarynyň hem köpelendigini aýdýarlar.
Obalardaky garyp hojalyklar biriniň agzaçar edýänini bilseler, ‘Baryň, dürli-dümen iýersiňiz, agzyňyza et deger’ diýip, çagalaryny agzaçara ugradýarlar, göz öňünde tutan adamlaryndan has kän myhman gelen hojalyk kyn ýagdaýa düşýär, sebäbi agzaçara gelen adama ‘git’ diýip bolmaýar diýip, bir ýaşuly aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, agzynyň tagamyny bilýän ýaşulular bu hili kyn ýagdaýda hem ‘hor bolmaýarlar’.
“Eger-de bir günde iki hojalyk çakylyk etse, metjidiň ýaşululary namaza gelen adamlary iki topara bölýärler. Ýagny özleri, çörege, dürli-dümen nahara mätäçligi bolmadyk mertebeli ýaşulular gurply hojalygyň agzaçaryny saýlap alýarlar, ýaşlar, okuwçylar bolsa garybyň agzaçaryna gitmeli bolýarlar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Ol soňky döwürde metjitde namaz okaýan ýaşulularyň arasynda diňe gurply hojalyklaryň agzaçaryna barýan, garyplaryň çakylygyna görünmeýän dindarlaryň hem bardygyny aýtdy.
Ýaşulular ýaşlary utandyryp, metjitden kowýarBirnäçe ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, ýaş adamlaryň köpüsi il ýüzüne edep saklasa-da, hakykatda dini öz maddy bähbidi üçin ulanýan ýaşululary sylamaýar, özara gürrüňçilikde olar hakynda erbet gürrüň edýär.
“Käte, agyz açdyrýan ýerler birnäçe bolup, metjitde namaz okaýan adamlar 2-3 bölege bölünmeli bolsalar, ýaşululara garaşman, olardan öňürdip, gurply hojalyklara baryp oturýan dogumly ýaşlar hem bar. Bu hili ýagdaý bolanda, biraz giç gelen ýaşululara ýer ýetmän, gyzmarak dindarlaryň kiçiräk goh, galmagal etmegine hem getirýär” diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi garyplygyň adamlaryň arasyndaky sylag-hormat, gatnaşyk medeniýetiniň hem peselmegine getirýändigini belledi.


Onuň tassyklamagyna görä, gurply hojalyklaryň agzaçarynda ýer ýetmedik ýaşulularyň soň ýaşlary metjitden kowup, gödek sözleri aýdyp, ýaşlary utandyrjak bolup, il arasyndaky agzalaçylygy has ulaldýan halatlary hem bolýar.
Şu günler metjide gatnap, namazyny sypdyrmýan ýaşlaryň birnäçesi, aýry-aýrylykda gürleşilende, özleriniň metjide gurply hojalyklaryň berýän agzaçar sadakalarynda gowy, et-ýagly nahar iýmek üçin gatnaýandyklaryny boýun aldylar.
“Biz metjide soň agzaçarda garnymyzy doýurmak, gowy nahar iýmek üçin gatnaýarys, şu sebäpden bizi metjitden hem kowýarlar. Ýaşuly adamlar bize gönüläp, siz metjide gatnamaň, sebäbi siz namaz okamaga diňe agzaçar berilýän wagtynda gatnaýarsyňyz, başga wagt görünmeýärsiňiz diýýärler. Bu dogry. Ýöne olaryň özleri hem şeýle, Oraza aýynda her namazyny metjitde okap, başga aýlarda diňe juma namazyna barýarlar” diýip, 20 ýaşlaryndaky ýigit aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň köpüsiniň tassyklamagyna görä, häzir metjide gatnaýan ýaşuly we ýaşkiçiler esasan mugt naharlanmak, gowy nahar iýmek üçin namaza barýar.
Ýurtda söz we metbugat azatlygynyň berk çäklendirilmegi, garaşsyz žurnalistleriň ýowuz ýanalmagy sebäpli, Azatlyk bu ýagdaýlar barada häkimiýet wekillerinden we dini edaralaryň ýolbaşçylaryndan resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Şu aralykda türkmen metbugaty “Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnalyň ýene bir sanynyň okyjylara gowşandygyny, ondaky täsirli çykyşlaryň ýene biriniň “Dymmagyň ähmiýeti” diýlip atlandyrylýandygyny habar berdi.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen ýaşululary, şol sanda ene-atalar adatça ýaşlara ýurtdaky durmuş meseleleri barada dymmagy maslahat berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *