Ekinini sowuk uran daýhanlara zyýanyň 'Alladan gelendigi' aýdyldy
Azatlygyň habarçysy şu gün, 10-njy mart güni irden söhbetdeş bolan gyzylarbatly daýhanlarynyň biriniň aglandygyny habar berdi.
Fewral aýynda Türkmenistanyň çäginde örän maýyl howa saklanyp, hususan-da ýurduň günorta sebitlerinde käbir miweli agaçlaryň ir pyntyk ýarmagyna sebäp boldy diýip, habarçymyz aýtdy. “Meteožurnal” gündizki maýylganlykdan soň gelýän gije sowugynyň ýurduň köp böleginde dört gije-gündiz saklanjagyny çaklaýar.
Gül açan miweli baglary sowuk urdyAzatlygyň habarçysynyň 10-njy martda beren habaryna görä, Daşoguz sebitinde ir bilen -12 C sowuk howa bolan bolsa, Gyzylarbat etrabynda -3 C sowuk howa bolup, gül açan miweli baglaryň köpüsini, ýaňy topragy ýaryp çykan käşir, sogan, kartoşka, badamjan ýaly ekinleriň, irki pomidorlaryň ýekeje düýbüni goýman sowuk urdy.
Ertir, 11-nji martda Gyzylarbatda howanyň temperaturasynyň -6 C çenli peselmegine garaşylýar, Daşoguzda hem sowuk howanyň saklanjakdygy aýdylýar diýip, Azatlyk bilen gürleşen hünärmen aýtdy.
“Balkanyň dag eteklerindäki Bereket, Magtymguly, Gyzylarbat etraplarynda fewralyň ikinji ýarymy tas +20 C-dan ýokary maýyl howa bolup, miweli baglar ir gülläp, irki gök, bakja ekinleri ir gögerip, tebigatyn aldawyna düşdi” diýip, ýerli hünärmen daýhanlaryň bu ýyl aljak girdejileriniň hem pes boljakdygyny, bagbanlaryň bolsa tasdan doly girdejisiz galandyk diýip, gynanyp oturandyklaryny gürrüň berdi.
“Kärendämde 2 gektar ýere kartoşka ekdim, 1 gektar ýere bolsa, pomidor şitillerini oturdyp çykdym. Pomidorym irki bolansoň, eýýäm gül açyp, hasyla durup başlapdy. Bir gijede ählisini ýitirdim. Giden çykdajy edipdim. Der döküp, eden azabym biderek boldy. Ýarym gektar ýere irki garpyz ekipdim, olary hem sowuk urdy, ýekeje düýbi hem aman galmady” diýip, Gyzylarbadyň Tutly daýhan birleşiginde gök, bakja ekinlerini eken kärendeçi daýhan Azatlygyň habarçysyna şu gün irden gürrüň berdi. Onuň ady redaksiýada saklanýar we Türkmenistandaky howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar.
Tabşyryklar howa ýagdaýyny öwrenip berilmeliAzatlyk bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan daýhanlar bu hili ýagdaýlarda döwlet tarapyndan beriljek kömege ýa duýduryşa garaşmagyň ‘netijesizdigini’ aýtdylar.
Türkmen metbugaty prezidentiň 23-nji fewralda oba hojalygyna jogap berýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirip, olaryň hasabatlaryny diňländigini, hemişeki maslahatlarda bolşy ýaly, ekinlere öz wagtynda esewan etmek barada birnäçe anyk tabşyryk berendigini gaýtalapdy.
Balkan sebitindäki habarçymyz şondan iki gün soň, 25-nji fewralda etraplarda ýeralma ekişiniň başlanandygyny, irki sogan, sarymsak we ýeralma tohumlaryny satyn almak üçin býujet edaralarynyň işgärlerinden pul toplanylýandygyny habar beripdi.
Daýhanlar ýolbaşçylaryň diňe fewraldaky howanyň maýyllygyna seredip, irki ýeralma, gök, bakja ekinlerini ekmegi tabşyrýandyklaryny, bahar aýlarynda howanyň nähili üýtgejeginiň ylmy esaslarda öwrenilmeýändigini, eger-de tabşyryklar sinoptikleriň maglumatlaryny öwrenmek esasynda berilse, beýle uly zyýanyň çekilmejekdigini aýdýarlar.
Bir kärendeçi özüniň çeken zyýanyny hasaplap, daýhan birleşiginiň resmisine ýagdaýyny gürrüň berendigini, “Bu Alladan geldi, çeken zyýanyňy özüň tölärsiň, biziň etjek zadymyz ýok” diýen jogaby alandygyny gürrüň berdi.
Şeýle-de, ýerli çeşme Daşoguz sebitiniň çopan goşlarynda täze doglan owlak-guzularyň arasynda uly zaýaçylygyň bolandygyny habar berýär. Azatlygyň habarçylary häzir bu maglumatlaryň jikme-jikliklerini öwrenmäge çalyşýarlar.
“Meteožurnal” 11-nji, 12-nji, 13-nji martda hem Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň gijelerine we ir sagatlarda sowuk boljakdygyny belleýär.
Azatlyk dünýäniň maglumat üçin iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistandan tebigy hadysalar zerarly çekilýän zyýanlar, oba adamlaryna berip boljak goldaw barada hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.