Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bazarlarda azyk önümleri gymmatlaýar, döwlet dükanlarynda 'gurçukly un' satylýar

Türkmenistanda hususy söwda nokatlarynda azyk önümleriniň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynda şu günler satylýan unuň hiliniň örän ýaramazlygy alyjylary alada goýýar. Türkmenabatda we welaýatyň beýleki ýerlerinde dükanlaryň köpüsinde unuň diňe bir görnüşi ilata hödürlenýär, onuň içinden gurçuk çykýar.

Lebabyň döwlet dükanlarynda satylýan un “birinji sort" diýlip alyjylara hödürlenýär, emma hödürlenýän bu un iýmite ýaramaýar.

Türkmenabat şäherindäki döwlet dükanyna un satyn almak üçin baran ýaşaýjy özüne teklip edilen un barada şeýle gürrüň berdi: “Isleseňiz gurçukly birinji sort un berip bilerin” diýip, ýaşaýjy satyjyny sitirledi.

Söwda işgärleriniň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda ýokary hilli un soňky iki aýa golaý wagt bäri satylmaýar. "Şu wagt [gelýän] polisiýa işgärleriniň özleri hem ýokary hilli un tapyp bilenoklar" diýip, satyjy aýtdy.

Lebaply çeşmeleriň maglumatlaryna görä, şuňa meňzeş ýagdaý diňe bir Türkmenabat şäherine däl, eýsem welaýatyň Çärjew, Saýat we Köýtendag etraplaryna hem degişli. Bu barada Azatlyga şol etraplaryň ýaşaýjylary tassykladylar.

'Un ýok'Döwlet dükanlarynda kadaly unuň satuwda bolmazlygynyň, gurçukly zaýalanan unuň alyjylara hödürlenmeginiň sebäplerini welaýatyň söwda wekillerinden we häkimiýetlerinden resmi görnüşde anyklap bolmady. Habarçymyz diňe welaýat häkimliginiň iýmit üpjünçiligi bölümine degişli telefon belgilerinde jogap berlendigini habar berip, kadaly unuň bolmazlygyny "elewator işlänok, un ýok" diýip jogap berlendigini aýtdy.

Türkmenabat şäheriniň häkimligine ýakyn çeşme sebitde unuň gytçylygynyň emele gelendigini Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde tassyklady. Ol döwlet dükanlarynda satmak üçin niýetlenen unuň bir böleginiň "kontrabanda ýollary arkaly Özbegistana çykarylyp satylýandygyny" öňe sürdi.

“Bar bolan un gara ýollar bilen Özbegistana çykarylyp satylýar. Bu ýagdaýdan ýerli Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) bölümi hem habarly" diýip, çeşme adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenabadyň şäher häkimliginden we MHM-niň sebit bölüminden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Döwlete degişli azyk dükanlarda satylýan un hususy söwda nokatlaryna garanda has arzan satylýar. Bu un ýurduň içerki önümi bolup, bir kilogramy täjirçilik nyrhyndan iki esse az bolup, 5 manada durýar. Onuň hili adatça pes bolsa-da, hyrydary köp bolýar. Bazarlarda we hususy dükanlarda daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli unuň bir kilogramy 10 manat töwereginde bahalanýar.

'Gurçuklan una-da kaýyl'Ýerli ýaşaýjylar maddy ýagdaýynyň örän agyrdygyny we şu sebäpden oba ýaşaýjylarynyň köpüsiniň hatda gurçuklan uny satyn almaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

“Bazarlarda harytlaryň bahasy ep-esli ýokarlandy. Daşary ýurtlardan getirilýän unuň bahasy hem gymmatlady. Şonuň üçin oba ilaty gurçuklan una-da kaýyl bolýar” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Bu ýagdaý ýurtda azyk harytlarynyň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda ýüze çykdy.

Mary welaýatynda, hususan-da et önümleri gymmatlapdyr. Ýerli çeşmeleriň 11-nji martda beren maglumatyna görä, arzan sygyr etiň bahasy 100 manatdan 120 manada çykypdyr, öý towugy 60 manatdan 100 manada çenli gymmatlapdyr. Bu ýagdaýda ilatyň alyjylyk ukyby esli peselipdir.

"Aýlyk-günlük galmady. Býujet edarasynda işläp, berilýän aýlyga hiç azyk satyn alar ýaly bolmady. Bu zatlardan ýokardaky ýolbaşçylaryň habary ýokmuka?! Halka ujypsyz aýlyk tölenýär, işgärler işden çykarylýar ýa-da tölegsiz dynç alyşa ugradylýar. Aýlyklaryň ýylda 10% prosent ýokarlandyrylmagy hem ýatyryldy. Biz indi nädip gün görmeli?!" diýip, maryly ýaşaýjy öz nägileligini paýlaşdy.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, eline düşýän ortaça aýlyk 2000 manat töwereginde bolup, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 571,4 amerikan dollaryna, gara bazaryň nyrhy boýunça 100 amerikan dollaryna barabar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny agzamazlygy soran maryly ýaşaýjylar her günki iýjek çöregini zordan tapýan hojalyklaryň sanynyň gün-günden köpelýändigini gürrüň berdiler.

"Adamlaryň aýlyklary iýmite hem ýetmeýär. Aýlyk alýan adamlar öňünden bergi edýärler, olaryň alýan aýlyklary soňundan şol bergilerini ýapmaga ýetýär. Iň dogrusy adamlar [dükanlardaky] ýazgydan ýazga çenli ýaşaýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Dükanlarda azyk önümlerini karz görnüşinde ýazdyryp, satyn almak we soň bergisini üzüşmek usuly ýurtda ýörgünli boldy. Köp maşgalalar şeýdip, öz azyk üpjünçiligini berjaý edýär.

Häkimiýetler we döwlet mediasy ilatyň ykdysady kynçylyklaryna, şol sanda azyk problemasyna degişli meseläni düýpden agzamaýar. Ýurtda harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda hökümet ilat üçin öňden bolan sosial ýeňillikleri ýatyrdy, şu ýyl ozalky ýyllardan tapawutlylykda aýlyklar we pensiýalar 10% ýokarlandyrylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *