Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabadyň harby bölüminde balkanly esger tarpa-taýyn aradan çykdy

9-njy martda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän harby bölümde çagyryş boýunça hökmany harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän balkanly esger tarpa-taýyn aradan çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz, aýry-aýrylykdaky iki harby çeşmesi 12-nji martda Balkan we Lebap welaýatlaryndan maglumat berdi.

“Balkanyň Çeleken, häzirki Hazar şäherçesiniň ýaşaýjysy bolan merhum esger 9-njy martda esger hammamyna girýär. Ýöne şol ýerden yzyna çykmaýar. Soňra onuň ölendigi mälim edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply harby çeşmämiz aýtdy.

Azatlykda Türkmenabadyň artilleriýa harby bölüminde gulluk eden merhum esgeriň şahsyýetini anyklaýan käbir maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

“Çeleken şäheriniň harby wekilligi tarapyndan harby gulluga çagyrylan merhum esgeriň jesedi 10-njy martda Türkmenabadyň harby bölüminden Balkanyň Çeleken şäherindäki öýüne getirilip, hossarlaryna tabşyryldy. Merhum esgeriň jesedi Türkmenabadyň harby bölüminiň bäş sany wekili, şol sanda harby serkerdeleri tarapyndan getirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly harby çeşmämiz aýtdy.

Çeşmelerimiz esgeriň “zäherlenmeden ölendiginiň” dilden mälim edilendigini aýdýarlar. Ýöne olar merhumyň ölümi bilen bagly esgerleriň we harbylaryň arasynda dürli gep-gürrüňleriň ýaýraýandygyny belleýärler.

“Esgerleriň käbirleri naharhanada nahar iýenden soň, zäherlenip ýogalandygyny, ýene bir bölegi bolsa, onuň ýüreginiň durup galandygyny aýdýar. Harby ofiserleriň birnäçesi bolsa, esgeriň ölüminiň sebäbiniň gizlin saklanýandygyny belleýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz esgeriň ölüminiň sebäpleriniň derňelýändigi barada häzirlikçe haýsydyr bir maglumatyň elýeterli däldigini hem sözüne goşdular.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenabat we Hazar şäherleriniň harby bölümlerine jaň edip, resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň goşunynda saglyk ýagdaýyndan, şol sanda keselçilikden, urlup-ýenjilmelerden ýa-da beýleki sebäplerden ölýän, özüni heläkleýän ýa-da maýyp bolýan esgerleriň sany baradaky maglumatlar ilat köpçüligine mälim edilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri hem bu wakalar barada habar berip, onuň sebäpleri we bularyň öňüni almak boýunça görülmeli çäreler barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary, harby çeşmeleri we türkmenistanlylar, şeýle-de garaşsyz neşirler hökmany harby gulluk borjuny berjaý edýän esgerleriň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen bagly wakalar barada habar berip gelýärler.

Häkimiýetler ölen esgerleriň jogap soraýan garyndaşlaryna köplenç dymmagy maslahat berýärler we arz etmegini dowam etdirýän ene-atalaryň gorkuzylýan halatlary hem bolýar.

Ýerli synçylaryň, harbylaryň we öňki esgerleriň ençemesi Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde dedowşina, agalyk praktikasynyň saklanyp galýandygyny, esgerleriň eden-etdiliklere, parahorluga, zorluga, şol sanda ýenjilmelere sezewar edilmegi bilen wakalaryň köp bolýandygyny aýdyp gelýär. Olar bularyň köplenç betbagtçylykly netijelere, esgerleriň urgulardan heläk bolmagyna ýa-da olaryň kemsitmelere çydaman, özüni heläklemegine getirýändigini belleýärler.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda türkmen goşunyndaky esger ýetmezçiliginiň saglyk ýagdaýy sebäpli harby gulluk borjuny berjaý edip bilmeýän raýatlaryň hem gulluga alynmagyna getirendigi barada habarçlarymyz maglumat berip gelýärler.

"Bu bolsa, ýarawsyz ýaşlaryň gullukda saglygynyň ýaramazlaşmagyna, käte-de pajygaly ýagdaýlara getirýär" diýip, harbylar aýdýar.

Ýurtda gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Türkmenistanyň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *