Gyrgyzystanda Milli bankyň öňki başlygy tussag edildi
Gyrgyzystanda Milli bankyň öňki başlygy Melis Turgunbaýew tussag edildi diýip, ýerli metbugat Içeri işler ministrligindäki çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Olaryň maglumatyna görä, Turgunbaýew 25-nji martda, "Gyrgyzneftegaz" döwlet kompaniýasyndaky korrupsiýa boýunça derňewiň çäginde, Içeri işler ministrliginiň Derňew gullugyndaky soraga çagyrylypdyr. Ol soragdan soň tussag edilip, Bişkekdäki wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirilipdir.
Turgunbaýewiň garyndaşlary we aklawçysy bu habaryň çap edilen wagtyna çenli onuň tussag edilmegi barada hiç bir zat aýtmady.
44 ýaşly Turgunbaýew 2024-nji ýylyň iýun aýynda Milli bankyň başlygy boldy. 18-nji martda onuň, sebäbini aýtmazdan, işden çekilmek barada arza berendigi habar berildi. Ol bu wezipä bellenilmezinden öň tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministri wezipesinde işledi.
Onuň wezipesinden çekilen wagty "Gyrgyzneftegaz" kompaniýasynda korrupsiýa boýunça jenaýat derňewiniň başlanmagyna gabat gelip, bu iki wakanyň arasyndaky mümkin bolan baglanyşyk baradaky soraglary döretdi. Turgunbaýew öň bu kompaniýa ýolbaşçylyk edipdi. Şeýle-de, ol köplenç Döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň fewral aýynda wezipesinden boşadylan öňki başlygy Kamçybek Taşiýewiň ýakyn adamy hökmünde häsiýetlendirilýär.