Gazagystanyň parlamenti Türkmenistan bilen serhedi kesgitlemek boýunça ylalaşygy tassyklady
Gazagystanyň parlamenti Türkmenistan bilen serhedi kesgitlemek boýunça ylalaşygy tassyklady.
Gazagystanyň parlamenti 28-nji dekabrda geçiren maslahatynda “Gazagystan respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda döwlet serhedini kesgitlemek boýunça ylalaşygy tassyklamak hakynda” ylalaşygy kabul etdi. Parlamentiň oňlamagy kanunyň kabul edilendigini aňladýar we ol gol çekmek üçin prezidente ýollanar diýlip, media maglumatlarynda habar berilýär.
Ylalaşyga görä, hususan-da, taraplar serhet belgilerini goramak boýunça çäre görýär we olaryň ýeriniň üýtgedilmeginiň ýa-da zaýalanmagynyň öňüni alýar, şeýle-de goýlan belgilere jogapkärçilik edýär.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri iki döwletiň özara serhedini kesgitlemek boýunça ylalaşyga 2017-nji ýylyň aprel aýynda gol çekdiler.