Eýrandaky protestleriň dowamynda heläk bolanlaryň sany 20 adama ýetdi
Sosial mediada ýerleşdirilen wideoda Kahderijan şäherinde polisiýa bölümine hüjüm edýän demonstrantlar görkezildi. 2-nji ýanwarda döwlet telewideniýesi wepat bolan 9 adamdan ýedisiniň merkezi Isfahan şäherinde polisiýa bölümine hüjüm edip, ýaraga eýe bolmak synanyşygynda öldürlendigini habar berdi.
“Tasnim” ýarym resmi agentligi Najafabad şäherinde ýaragly demonstrantlar tarapyndan bir polisiýa ofiseriniň öldürlendigini habar berdi.
Demonstrasiýalaryň Eýranyň onlarça şäherinde, şol sanda Tähranyň birnäçe böleginde geçirilýändigi habar berilýär. Tähranyň häkiminiň orunbasary Ali Asgar Naserbaht paýtagtda 450 adamyň tussag edilendigini aýtdy.