Trampyň Eýranyň sanksiýalaryny gowşatmagy dowam etdirmek barada karara gelendigi aýdylýar
Media serişdeleriniň maglumatynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň 2015-nji ýylda Tähran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gol goýlan ýadro ylalaşygynyň çäginde Eýrany sanksiýalardan gowşatmak baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak hakda karara gelip, ylalaşygy häzirlikçe üýtgewsiz galdyrandygy habar berilýär.
11-nji ýanwarda “Reuters”, “The New York Times” we “Bloomberg” neşirleri Trampyň kararyny bilýän adamlara salgylanyp, Ak tamyň bu barada 12-nji ýanwarda yglan etjekdigini mälim etdiler.
Ýadro ylalaşygynyň çäklerinde Eýran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagy şerti bilen alyp barýan ýadro işlerini togtatmagy wada berdi.
Media maglumatlarynda Tramp Birleşen Ştatlaryň Eýranyň merkezi bankyna we nebit pudagyna gönükdirilen sanksiýalary gowşatmagy dowam etdirmek barada karar kabul eden bolsa-da, ol Eýrana garşy täze, belli bir maksada gönükdirilen sanksiýalary girizmek barada hem karara geldi.