Türkmenistan "Awaza” syýahat zolagynda “Sergiler merkezini” gurar
Türkmen hökümeti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze “Sergiler merkezini” gurmagy karar etdi.
Döwlet eýeçiligindäki TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak “Sergiler merkezi” barada söz açyp, Hazaryň kenar ýakasynda bina edilýän desgalaryň ählisiniň ajaýyp we özboluşly bolmalydygyny belledi.
“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan taýýarlanylan taslamanyň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi aýdylmaýar.
9-njy ýanwarda Aşgabat aeroportynyň golaýynda we Köpetdagyň eteginde täze, kaşaň myhmanhanalaryň guruljakdygy habar berildi. Azatlygyň ýerli çeşmesiniň maglumatyna görä, bu oteller döwlet gaznasyna 300 million çemesi ýewro düşer.
Halkara walýuta fondunyň geçen ýyl Aşgabatda bolan ekspertleri türkmen hökümetine döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy maslahat berdiler.