ABŞ-nyň we Fransiýanyň baş diplomatlary Eýran barada gepleşik geçirerler
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň 23-nji ýanwarda Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Drian bilen Parižde geçirjek gepleşiklerinde Eýran bilen bagly meseleleriň esasy orun tutjagyna garaşylýar.
Tillerson Fransiýa Ýewropa ýurtlaryna 22-nji ýanwarda başlan saparynyň dowamynda bardy. Tillerson Tähran babatynda çäre görmek meselesinde Ýewropa ýurtlaryndan goldaw almakda öňegidişligiň bardygyny aýtdy we munuň ABŞ-nyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň öňüni alyp biljegini belledi.
Şol bir wagtda-da, Brusselde Le Drian Tährany ABŞ-nyň rezolýusiýalarynyň Eýrany ýadro ýaragyny götermäge ukyply ballistik raketalaryň üstünde işlemekden saklanmaga çagyrýan böleklerine hormat goýmazlykda aýyplady.
Şu aýyň başynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özünden öňki prezident Barak Obamanyň goly astynda 2015-nji ýylda gol çekilen Eýranyň ýadro programmasyna degişli ylalaşykdaky “katastrofiki kemçilikleri” düzetmek üçin ýewropaly ýaranlar we Kongress bilen işleşmek isleýändigini aýtdy.
Tramp ylalaşygyň birnäçe aýyň dowamynda özgerdilmedik ýagdaýynda ondan çykmak bilen haýbat atdy.
Tähran ylalaşyga islendik üýtgetme girizilmegini ret etdi, oňa gol çeken beýleki ýurtlar, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet ylalaşygy goldaýarlar.