Türkiýedäki gaçgak pakistanly we owganystanly türkmenleriň ykballary
Owganystandaky durnuksuzlyk we şeýle-de Pakistanda ýurtdaky migrantlara garşy girizilen çäklendirmeler sebäpli ol ýurtlardan Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaçgak gelýän etniki türkmenleri sanynyň barha köpelýändigi öňe sürülýär.
Eýse, Owganystandaky we Pakistandaky türkmen ýaşlaryny Eýranyň üstünden Türkiýä gaçgak ýagdaýda gitmäge mejbur edýän sebäp ýa-da sebäpler näme? Türkiýedäki gaçgak etniki türkmenler ýollarda nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Türkiýedäki gaçgak etniki türkmenlere ýerli halk nähili çemeleşýär we olar täze ýurda öwrenişip bilýärmi? Owganstandan we Pakistandan Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaçgak ýagdaýda baran etniki türkmenleriň ol ýerdäki durmuş hem iş şertleri nähili?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Owganystandan we Pakistandan Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaçgak ýagdaýda barýan etniki türkmen ýaşlarynyň ykballaryna gönükdirýär. Gepleşigiň myhmanlary Stambulda işläp ýören türkmen zähmet migrantlaryndan Owganystanly Haýrulla Murat Çalyş bilen Pakistandanly Zaýn Kerim.
Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi ýa-da pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp, dünýä türkmenleri bilen paýlaşyň.