ABŞ Siýada hökümetçi güýçlere garşy hüjümi barada Orsýeti habarly edendigini aýdýar
Goranmak departamentiň metbugat-wekili Dana Waýt 8-nji fewralda eden çykyşynda Del al-Zor regionynda Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky konfliktsiz zonada amala aşyrylan hüjümleriň netijesinde wepat bolan onlarça adamyň arasynda orsýet harbylarynyň bolup-bolmazlygyny aýtmakdan saklandy.
“Biziň güýçlerimiziň öz-özüni goramaga hukugy bar” diýip, Waýt aýtdy. Şeýle-de, ol “biz [Siriýanyň] režimi bilen konflikt gözlemeýäris” diýdi.
Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler 7-nji fewralda ABŞ-nyň ýarany bolan Siriýanyň demokratik güýçleriniň edaralaryna hüjüm edilendigini habar berdi.
ABŞ-nyň Goranmak departamentiň metbugat-wekili Dana Waýt Sirianyň režimine tarapdar güýçleriň 20-30 sany tank ulanyp, bazany 500 metr uzaklykdan oka tutandygyny aýtdy. ABŞ-nyň ady görkezilmedik resmisi şol söweşde 100 siriýaçy söweşijiniň öldürlendigini habar berdi.
ABŞ-nyň habar beriş serişdeleri hiç bir amerikan harbysynyň ýaralanmandygyny habar berdi.