NATO-nyň agzalary çykdajylary artdyrmagy planlaşdyrýar
“Bu duýarlykly öňegidişlik we gowy başlangyç” diýip, Stoltenberg NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brusselde geçirilýän maslahatynyň öňýanynda 13-nji fewralda aýtdy.
NATO-nyň ýolbaşçysynyň bu çykyşy ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň ABŞ-nyň Ýewropadaky ýaranlaryna harby çykdajylary artdyrmak üçin basyş etmeginiň garaşylýandygy barada habar berilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
NATO-nyň maksatnamasyna görä, agzalarynyň her biri öz içerki önümçilik derejesiniň 2% möçberinde goşant goşmaly, emma gurama girýän ýurtlaryň köpüsi bu talaby şu çaka doly berjaý etmändi.