Orsýetiň häkimiýetleri kilise hüjüminiň şübhelisini mälim etdi
Kizlýar şäherçesiniň häkimligini 19-njy fewralda beren maglumatynda, agzalýan hüjümiň jogapkäri 22 ýaşyndaky Halil Halilow diýip atlandyryldy we onuň Dagystanyň Tarumowskiý etrabyndandygy mälim etdi.
Resmiler 18-nji fewralda ýerli rus prawoslaw kilisesinde bolan wakada başga-da dört adamyň ýaralanandygyny, olardan biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar.
Wakada öldürilenleriň ählisiniň aýaldygy habar berilýär. Ýaralananlaryň üç sanysy Orsýetiň Milli gwardiýasynyň agzalarydyr.
“Yslam döwleti” terrorist topary özüniň “Amak” maglumat gullugy tarapyndan ýaýradan beýanatynda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.