Orsýetliler öldürilen kreml tankytçysy Nemtsowy ýatlaýarlar
25-nji fewralda Moskwada, Sankt-Peterburgda we beýleki şäherlerde atylyp öldürilen kreml tankytçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemtsowyň hormatyna demonstrasiýalar planlaşdyryldy.
Onlarça şäherde planlaşdyrylan ýygnanyşyklar Boris Nemtsowyň Moskwanyň merkezinde atylyp öldürilen gününiň üç ýyllygyna gabatlandy.
Nemtsowyň öldürilmegi halkara derejesinde ýazgaryldy we Kremle garşy durýan ýa ony tankytlaýan adamlaryň nähili howp-hatar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi.
Prezident Wladimir Putiniň berk tankytçysy bolan Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda, Kremliň alkymyndaky köpriniň üstünde näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürildi.