Özbek oppozision žurnalisti 19 ýyl oturandan soň türmeden boşadyldy
Özbek oppzision žurnalisti Ýusuf Rozimurodow 19 ýylyny gözenegiň aňyrsynda geçirensoň, türmeden boşadyldy diýip, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ismoil Adilow 2-nji martda AÝ/AR-na habar berdi.
Adilowyň tassyklamagyna görä, Rozimurodow möhletinden öň, Daşkendiň golaýyndaky Çyrçyk şäherinde ýerleşýän türmeden 22-nji fewralda azatlyga goýberildi.
Adilow Rozimurodowyň häzir Kaşkaderýa regionynda, öz dogduk obasynda ýerleşýändigini hem sözüne goşdy.
54 ýaşyndaky Rozimurodow oppozisiýadaky Erk partiýasynyň aktiw agzasydy we onuň gazetinde çykyş edýärdi.
Ol 1999-njy ýylyň fewralynda Daşkentde bolan partlamalardan gysga wagt soň tussag edildi.
Häkimiýetler bu partlamanyň şol wagtky prezident Yslam Kerimowyň janyna kast ediş synanyşygy bolandygyny öňe sürdiler.
Rozimurodow biraz soňra prezidenti öldürmek, ýurduň konstitusion gurluşyny çalyşmak we jenaýatçy topar döretme üçin dil düwüşmekde günäli tapyldy.
Ol ilki 15 ýyl tussaglyga höküm edildi we soňra onuň türme möhleti uzaldyldy.