ABŞ harbylary Owganystanda gulluk eden bomba ysgaýan itleri horlamakda tankytlanýar
Harby işgärleriň sözlerine görä, ol itleriň käbiri Birleşen Ştatlara dolanyp gelenlerinden soň 11 aýa çenli it saklanylýan ýerlerde galdyryldy we kemally seredilmän, esewan edilmän, ýowuz daraşmalara sezewar boldy.
Başga bir topar itiň bolsa, hasabatda aýdylmagyna görä, medisina nukdaý nazaryndan öldürilen bolmagy mümkin.
ABŞ mediasy 3-nji martda goşunyň sözçüleriniň düşündiriş sorap edilen köp sanly telefon jaňlaryna we elektron hatlaryna jogap bermändigini aýtdy.