Putin Moskwadaky kampaniýa üýşmeleňinde rus “ýeňişlerini’ wada berdi
"Biz öz ýurdumyzyň ýagty bolmagyny we gelejege seretmegini isleýäris, öz çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň... bagtly bolmagy üçin biz ähli zady ederis” diýip, Putin 3-nji martda Lužniki stadionynda toplanan adamlara ýüzlenip aýtdy.
"Muny biz üçin başga hiç kim etmez” diýip, Putin aýtdy. “Eger biz muny başarsak, gelýän onýyllyklar we tutuş 21-nji asyr biziň nurly ýeňişlerimiz bilen belgilener” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Tankytçylar Putiniň şunuň ýaly birnäçe ýygnanyşygy kampaniýa çäresi hökmünde nädogry ulanandygyny aýdýarlar.
65 ýaşyndaky Putin 1999-njy ýyldan bäri ýa prezident, ýa premýer-ministr bolup işledi.