Günorta Koreýa Demirgazyga ýokary derejeli resmileri gepleşmäge iberer
Moonuň edarasy tarapyndan 4-nji martda yglan edilen delegasiýa iki garşydaşyň arasynda golaýda Pýonçaňda geçen Gyşky olimpiadadan uç alan seýrek ýumşaşmanyň yz ýanyna gabat geldi.
5-nji martda ugrajak 10 agzaly delegasiýa Phenýanda iki gün bolup, Demirgazyl Koreýanyň ýokary derejeli resmiler bilen gepleşik geçirer.
Gepleşiklerde Koreýa ýarym adasynda parahatçylygy ilerletmek, iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak, şeýle-de Phenýan bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşikleri gaýtadan ýola goýmak üçin şert döretmäge ýardam bermek mümkinçilikleri maslahatlaşylar diýip, prezident Moon Jae-iniň edarasy aýtdy.