Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Argentinanyň öňki lideri Eýranyň bombaly wakadaky roluny ýaşyrandygy üçin suda çekilýär

Argentinanyň öňki prezidenti Kristina Fernandez de Kirhner 1994-nji ýylda Buenos Aýresde Ýewreýleriň merkezinde bolan bomba partlamasynda Eýranyň roluny ýaşyrmak bilen bagly aýyplamalaryň esasynda suda çekiler diýip, ýurduň ýustisiýa resmileri aýdýarlar. Şol bomba partlamalarynda onlarça adam wepat bolupdy.


Argentinanyň sudunyň 5-nji martda çap eden kararyna görä, Fernandez we onuň hökümetiniň 11 sany agzasy maglumaty ýaşyrmakda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýarlar we olaryň işi baş suduň garamagyna berilýär.


Aýyplanýanlaryň dördüsi tussag edildi. Dekabrda sudýa Bonadio kanun çykaryjylardan Fernandeziň jogapkärçilige çekilmekden el degrilmezlik hukugyny ýatyrmagy sorapdy. Kanun çykaryjylar sudýanyň talabyna jogap bermediler.


Fernandeziň jogapkärçilige çekilmekden el degrilmezlik hukugy onuň tussag edilmegine päsgel berýär.


2007-2015-nji ýyllaryň aralygynda Argentinanyň prezidenti bolan Fernandez ýurduň taryhyndaky iň agyr terrorçylyk hüjümine islendik gatnaşygy ret edýär.


1994-nji ýylda Argentinanyň we Ysraýylyň Buenos Aýresdäki bilelikdäki merkezinde bolan bomba partlamasynda 85 adam wepat boldy, ýüzlerçe adam ýaralandy. Eýran bu parlama gatnaşygy ret edýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *