Britaniýa Putiniň korrumpirlenen ýaranlaryny nyşana alyp biljegini aýdýar
Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Jonson ýurduň kanuny goraýjy agentlikleriniň Britaniýada bank hasaplaryna eýe bolan baý orsýetlileri barlaýandygyny aýtdy we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gatnaşygynyň hasabyna baýan adamlaryň jogapkärçilige çekilmeginiň mümkindigini belledi.
Jonsonyň bu beýanatyndan bir gün öň Britaniýa öňki gizlin agentiň harby hasaplanýan nerwe täsir ýetiriji serişde bilen zäherlenmegine jogap hökmünde Orsýetiň 23 sany diplomatyny ýurtdan çykarmak ýaly çärelerini yglan etdi.
Britaniýanyň Jenaýatçylyklar boýunça milli agentligi we onuň ykdysady jenaýatçylyklar boýunça bölümi şahslaryň ençemesini derňeýär diýip, Jonson BBC radiosyna aýtdy.
Kreml Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine Orsýetiň gatnaşygyny ret edýär.