Kabulda janyndan geçeniň hüjüminde üç adam öldi
Kabulyň Despeçari sebitinde amala aşyrylan bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.
Içeri işler ministrligi hüjümde heläk bolanlaryň we ýaralanlaryň ählisiniň parahat ýaşaýjylaryň bolandygyny mälim etdi.
Owgan hökümeti 16 ýyl bäri dowam edip gelýän konflikti togtatmak maksady bilen, “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerine goşulmaga çagyrýar.