Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Siriýa: 41 müňden gowrak gozgalaňçy gündogar Ghoutany terk etdi

Siriýa hökümet güýçleriniň we olaryň ýaranlarynyň sebitde has düýpli orun almagy bilen 41 müňden gowrak gozgalaňçy we olaryň maşgala agzalary gündogar Ghoutany terk etdi diýip, rus generaly aýtdy. 


General maýor Ýuriý Ýewtuşenko 31-nji martda “Faýlak al-Rahman” toparynyň agzalarynyň Siriýanyň howpsuzlyk gulluklarynyň, Siriýanyň Arap Gyzylýarymaý jemgyýetiniň we rus polisiýa ofiserleriniň ugratmagynda Erbin, Jobar, Ein Tarma we Zamalka ilatly nokatlaryndan çykarylandygyny aýtdy. 


Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugynyň Ýewtuşenka salgylanyp ýazmagyna görä, “Faýlak al-Rahman” toparynyň söweşijileriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ewakuasiýa edilmegi “Jaýş al-Yslam” ýaly iň uly toparlary hem ýaragyny taşlamaga hem-de demirgazyk-günbatar Siriýada gozgalaňçylaryň elinde saklanýan ýerleri terk etmäge yrmak umydyny döredýär. 


Siriýanyň harby resmileri hökümet güýçleriniň we olaryň ýaranlarynyň ozal pitneçileriň elinde bolan regionyň 90 prosentden gowragyny ele geçirendigini aýdýar, şol bir wagta hökümete garşy toparlaryň galyndylary gündogar Ghoutada eýelän iň soňky ýerlerinde saklanyp galýarlar.


Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, 18-nji fewraldan bäri gurnalan harby hüjüm, yzygiderli bombalaýyşlar esasynda 1600-den gowrak asuda adam öldürildi, müňlerçe adam bolsa ýaralandy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *