Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

HRW Gazagystana ‘žurnalistlere azar bermek üçin’ töhmet kanunlaryny ulanmagy bes et diýýär

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Gazagystanyň hökümetini metbugatda paş etmeleri jenaýat hasaplamagy we “öz işlerini edýän žurnalistlere azar bermek üçin” töhmet kanunlaryny ulanmagy bes etmäge çagyrdy.


Gurama özüniň 6-njy aprelde çap eden maglumatynda 30-njy martda gazak häkimiýetleri bile-göre galp maglumatlary ýaýratmakda güman edip, iki garaşsyz media serişdesine - “Ratel.kz” habar websaýtyna we “Forbes” žurnalynyň ýerli neşirine - gönükdirilen derňew işlerini başlatdy diýilýär.


“Öňe sürülýän jenaýatly hereketiň jikme-jikleri syr bolup galýan mahaly, gazak häkimiýetleri “Ratel.kz” habar gullugynda we “Forbes Gazagystan” neşirinde gözleg işlerini geçirip, olardaky maglumatlary konfiskasiýa etmek meselesinde çalt hereket etdiler” diýip, HRW-niň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi Mihra Rittmann aýtdy.


2-nji aprelde Almaty şäheriniň polisiýasy “Ratel.kz” websaýtynyň we “Forbes” neşiriniň ýerli edaralaryna reýdleri geçirip, bu ýerdäki kompýuterleri we resminamalary konfiskasiýa etdi.


Gazagystanyň içeri işler ministri Kalmuhanbet Kasymow “raýat Kakimžanow” diýlip atlandyrylýan adam tarapyndan şikaýat gelip gowşandan soň, polisiýanyň reýdleri geçirendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu raýat iki media serişdesini özi barada töhmet atýan maglumatlary ýaýratmakda aýyplaýar.


Ýerli media ýurduň öňki maliýe ministri Zeinulla Kakimžanowyň agzalýan iki habar serişdesiniň çap eden makalalaryna garşy suda şikaýat bilen ýüz tutandygyny habar berýär. Gürrüňi edilýän makalalarda Kakimžanowy we onuň ogluny öz içine alýandygy aýdylýan korrupsiýa meselesi derňelýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *