Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda ýene regionlar boýunça jogapkär ýolbaşçylar bellendi

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhmawedowyň ýene bir gezek regionlar we paýtagt boýunça jogapkär ýolbaşçylary belländigini habar berýär.


Neşiriň maglumatyna görä, bu ýolbaşçylar Türkmenistanyň prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek baradaky milli programmasynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmeli. 


Prezidentiň kararyna laýyklykda, wise-premýerler Çary Gylyjow Ahal welaýatyna, Mämmethan Çakyýew Balkan welaýatyna gözegçilik eder.


Ministrler kabinetiniň aşlygynyň orunbasarlary Esenmyrat Daşoguz welaýatyna, Kerim Durdymyradow Lebap welaýatyna, Myratgeldi Meredow Mary welaýatyna gözegçilik eder. Wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewiň bolsa Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenilendigi habar berilýär.


Türkmenistanyň prezidenti soňky bir ýarym ýylyň dowamynda regionlar boýunça jogapkär ýolbaşçylary dört gezek gaýtadan belledi.


Şol bir wagtda ýurduň oba, etrap ýerlerindeki ýollaryň, köprüleriň köpüsiniň onlarça ýyllap bejergi görmändigi, suw turbalaryny çekmek, elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak meseleleriniň ýyldan-ýyla soňa goýulýandygy barada maglumatlar gelýär. 


Resmi maglumatlara görä, häzir ýurtda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 1600-den gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýerli synçylar bu desgalaryň esasan Aşgabatda gurulýandygyny, regionlara ýeterlik üns berilmeýändigini belleýärler. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *