Türkmenistanda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanda 28-nji aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler.
Türkmenistanyň prezidenti bu bäsleşigi Bedew baýramyna gabatlap geçirmek barada ýörite buýruga gol goýdy. Ýatlatsak, apreliň soňky ýekşenbe güni Türkmenistanda Bedew baýramy bellenilip geçilýär.
Dokumente laýyklykda, gözellik bäsleşigi bilen birlikde, bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda hem bäsleşikler geçiriler.
Berdimuhamedowyň häkimiýet geçmegi bilen, ýurtda atlaryň kultunyň emele gelip başlandygyna, bedewleriň döwlet propogandasynyň bir bölegine öwrülendigine üns çekilýär.